Jenan sazandanyň deprekçi gyzy

22 Fewral 2024
410

Dogluş şahadatnamasynda ady «Gurbanaý» diýlip ýazylan hem bolsa, men ony il içinde tanalýan Kümüş ady bilen alasym gelýär. Indi ýarym asyrdan gowrak wagt bäri tanaýan zenanyma Gurbanaý diýsem, meniň üçin ol nätanyş biri ýaly bolup görner. Kümüş daýzanyň durmuşyny aýdym-sazsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Çünki ol Jenan sazandanyň naýbaşy gyzy. Depregiň, gyjagyň, tardyr rubabyň şirin owazy bilen dünýä inip, şahandaz maşgalada ýaňlanan şol owazlar bilenem ösüp-ulalan Kümşüň gözüni açyp göreni saz-söhbet.

Sakar etrabynyň oba mekdebinde mugallym bolup işleýän Jenan Nurmämedowy Kerki şäherinde täze açylan halk drama teatryna işe iberýärler. Jenan teatrda sazanda bolup işlemek bilen birlikde, şol döwürde uly meşhurlyga eýe bolan «Arşyn mal alan», «Zöhre-Tahyr», «Şasenem-Garyp» ýaly spektakllary taýýarlap, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanýar.

Keýik UMAROWA,
žurnalist.