Seýilgähe seýle çyksaň...

21 Fewral 2024
284

Iň arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurdunda, türkmen tebigatynyň juda owadan ýerinde ýerleşen, sebitde ýeke-täk «akylly» şäher Arkadag şäherinde adamlaryň oňaýly dynç almaklary üçin birnäçe seýilgähler döredilen. Şeýle ajaýyp ýerleriň biri hem size gürrüň bermekçi bolýan dynç alyş seýilgähimizdir.

Bu seýilgähi synlanyňda bir pikir seriňe gelýär. Meger, seýilgähi taslaýjy-dizaýner bu ýere gelýänlere suw bilen wagtyň özara meňzeş taraplary hakyndaky gadymy ýunan pelsepesini ýatlatmak isländir. Çünki suw akýar, geçýär, wagt hem geçýär, akýar. Gadymy akyldarlaryň biri: «Bir giren derýaňa ikinji gezek girip bilmersiň» diýipdir. Bir ýaşan günüňi hem ikinji gezek ýaşap bolmaýar. Seýilgähiň merkezinde täsin suw çüwdürimi bolup, onda wagtyň göze görünýän guraly bolan sagat sudury ýerleşdirilipdir. Sanly tehnologiýanyň kömegi arkaly suw çüwdüriminiň sagadyň wagt görkezýän san belgilerine görä sazlaşykly işlemegi, şeýle-de türkmen bedewiniň hem-de ýarym Aýyň, ýyldyzlaryň şekiliniň bolmagy seýilgähiň özboluşly aýratynlygydyr. Gijelerine bu ýeriň yşyklandyrylmagy bilen nura beslenmegi hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Şonuň üçin bu seýilgäh köplenç adamly. Çagajyklaryny ýörite arabalara mündürip, gezelenç edip ýören ata-enelere, tämiz howadan dem alyp şäher gözelligini synlap ýören adamlara hemişe gabat gelmek bolýar. «Akylly» şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary bu ýeriň arassa, tenekar howasyndan estetik lezzet alýarlar we öz saglygyny berkitmek üçin ýörite gelýärler. Çagalar bilen birlikde uly ýaşly adamlar hem ruhy we beden taýdan sagdyn bolmak üçin meýdançanyň ýörite ýodalarynda pyýada, welosipedli gezelenç edýärler. Çagalaryň boş wagtlaryny gyzykly we täsirli geçirmegi babatda bu dynç alyş seýilgähiniň ähmiýeti uly. Mälikguly Berdimuhamedow şaýolunyň ugrunda ýerleşýän ajaýyp seýilgähiň gysga wagtyň içinde bu ýere gelýän şäher ýaşaýjylarynyň we myhmanlaryň söýgüli ýerine öwrülmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Aýjahan KULYÝEWA.
«Arkadag».