Zemini gülledýän zenanlar

28 Fewral 2024
354

Ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkeziniň «Altyn» toý zalynda Aşgabat şäher häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Zenan bilen Zemin gülleýär» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Oňa dürli ulgamlarda zähmet çekýän gelin-gyzlar, mährem eneler we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ata Watanymyzda mähriban gelin-gyzlarymyza hormat-sarpa goýlup, zenan edebine aýratyn söýgi bilen garamak, olary mukaddeslige deňemek ýaly ajaýyp ýörelgeler belent derejelere göterilýär. Aýdym-sazly bu dabara hem zenan mertebesine bagyşlandy. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabyndan hem zenan mertebesi barada örän täsirli söhbetler beýan edildi. Ene mukaddesligini, çaga terbiýesindäki asylly zähmeti giňden açyp görkezen bu aýdym-sazly dabara hemmelerde uly täsir galdyrdy.

Maýagözel GOŞAÝEWA,
«Aşgabat».