Beýik söz ussadynyň çeper waspy

23 Fewral 2024
401

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli  Balkanabat şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebinde welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň döreden eserleriniň sergisi guraldy. «Ýaş waspçylar» ady bilen geçirilen sergide talyplaryň beýik şahyryň ömrüni we döredijiligini dürli reňk öwüşgininde beýan edýän nakgaş eserleri görkezildi. Täze eserleri döretmekde Pyragynyň şygryýet ummanyny özleriniň döredijilik işleriniň ylham çeşmesi hasaplaýan talyplar eserlerinde Pyragynyň ajaýyp goşgularyna ýüzlenipdirler. Talyp ýaşlaryň «Döredijilik ummany», «Hoş gal, gözel Şirgazy», «Bady sabany görsem», «Meňli» atly nakgaş eserleri sergä gelenleriň ünsüni özüne çekdi.

Magtymguly Pyragynyň şygryýet dünýäsini ýol-ýörelge edinýän ýaşlaryň döreden eserleriniň çagalar çeperçilik mekdebinde sungatyň inçe syrlaryny ele alýan  okuwçylarda uly täsir galdyrandygyny bellemek gerek. Olar şekillendiriş sungatyny ösdürmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Röwşen ÇOPANOW,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň nakgaş mugallymy.