Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Milli bahar baýramyna bagyşlandy

Milli bahar baýramy ― Nowruz dostlugyň-doganlygyň  baýramydyr. Ony gündogar halklarynyň köpüsi belleýär. Bu baýram döwletleriň arasyndaky parahatçylykly gatnaşyklary pugtalandyrýan hem-de halklaryň taryhy-medeni däplerini wagyz edýän baýramçylyk hökmünde halkara derejesine eýe boldy.

Gelse Nowruz äleme...

Ýaz paslynyň täsin görnüşleri her bir adamyň ruhuny göterýär. Ýazyň gelmegi bilen ene topraga ýyly girip, tebigat janlanýar. Sähra-düzlerimiziň ýaşyl begrese bürenmegi, gülälekdir jümjümeleriň peýda bolmagy, türkmen tebigatynyň joşgunynyň, läle-reýhanlygynyň keşbidir. Halkymyz ýaşaýyş-durmuşyny hemişe tebigat bilen berk baglanyşdyrypdyr. Bahar-ýaz paslynda ýazlaga çykyp, tebigatyň gözelliklerine maýyl bolýan adamyň kalby sähranyň özi dek giňeýär. Ynsan dünýäsini ajaýyp duýgulardan, ýagşy niýetlerden doldurýan bahar paslynyň hoştap howaly günlerinde bellenilýän Nowruz baýramynyň şatlygy ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryny has-da joşdurýar.

Täze menzillere badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her ýyly täze ösüşlere beslenýär. Bu döwürde ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak üçin ýylyň şygary yglan edilip, nyşanynyň kabul edilmegi şol ýylyň çärelerini, jemgyýetiň ruhy ahwalyny çeper beýan edýär. 2024-nji ýylyň şygary Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen kämil goşgusynyň adyny göterip, ýylyň esasy wakasy bilen utgaşyp gidýär. Nesip bolsa, bu ýyl akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli giň gerimli çäreler geçiriler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly taryhymyz, maddy hem-de ruhy mirasymyz ylmy esasda düýpli öwrenilýär. Şahyryň şygyrlaryny okanyňda, onuň ylmyň dürli ugurlaryndan giň düşünjesiniň bolandygyny görüp bolýar. «Kitap okan gullar manydan dokdur» diýip, okamagy, öwrenmegi wagyz eden Magtymguly Pyragynyň:

Joşgunly, bereketli ýaşaýşyň nurana baýramy

Milli bahar baýramy gözelligiň we joşgunly ýaşaýşyň nurana baýramy bolup, ol dünýäniň ençeme halklaryny ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini hem-de zähmetsöýerligi rowaçlandyrýan, dünýä derejesinde dostluga, hoşniýetlilige çagyrýan, halkara derejesinde bellenilýän baýramdyr. Belent ýörelgelerden ugur alnyp, umumadamzat medeniýetiniň hazynasynda tutýan ornuny müdimileşdirmek, halklaryň medeniýetleriniň dürlüligini, özboluşlylygyny gorap saklamak hem-de olary dünýä ýaýmak maksady bilen, Halkara Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň teklip etmegi netijesinde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz güni diýip, yglan etmek barada Rezolýusiýa kabul edildi. Taryhyň irki döwürlerinden bäri ata-babalarymyz tarapyndan täzelenişiň, agzybirligiň, asudalygyň, hoşniýetliligiň, dostlugyň, doganlygyň, ynsanperwerligiň, berekediň baýramy hökmünde bellenilip gelýän Nowruzyň halkara baýramçylygy derejesine eýe bolmagy dünýäniň köp sanly milletleri bilen bir hatarda, türkmen halkynyň kalbyna-da şatlyk hem joşgun eçilýär.

Akyldar şahyra sarpa

Müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan baý hem-de gadymy medeniýetimizi dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda medeni mirasymyzyň gymmatlyklary, nusgawy edebiýatymyz dünýäde giňden wagyz edilýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ylmy esasda öwrenilýär we dünýäniň ylym jemgyýetçiliginde möhüm orun eýeleýär. Esasan hem, nusgawy edebiýatymyzyň hazynasy bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, onuň baý many-mazmuny edebiýatçylarda, dilçilerde we ähli alymlarda uly gyzyklanma döredýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň özi milli gymmatlyklarymyzy öwrenmekde we wagyz etmekde aýratyn many-mazmuna eýedir.

Milli gymmatlyklarymyz ylmy esasda öwrenilýär

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli taryhy-medeni mirasyň desgalaryny aýawly saklamaga we ylmy esasda öwrenmäge uly üns berilýär. Munuň özi häzirki wagtda medeni gymmatlyklarymyzyň ylmy taýdan öwrenilmegini, dikeltmegiň usuly esaslarynyň has-da berkidilmegini güýçlendirmäge döwlet tarapyndan uly ähmiýet berilýändigini alamatlandyrýar. Häzirki döwürde köpasyrlyk taryhymyzy görkezýän medeni ýadygärlikler şahsyýeti kemala getirmegiň çeşmesi bolup durýar. Goralyp saklanýan ýadygärlikler geçmişiň gymmatlyklaryna, olary döredijilikli özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Bu ugurda alnyp barylýan ylmy işleri netijeli dowam etmekde, hünärmenleri ýetişdirmekde olara hünär ugry boýunça ýokary bilim berilýär. Şunda rejeleýiş we dikeldiş işleriniň esaslary dersine uly orun degişlidir. Bilim alýan talyplar bu dersi içgin öwrenýärler. Bu dersiň wezipesi türkmen halkynyň taryhy ýadygärliklerini, gymmatlyklaryny öwrenmäge, olarda alnyp barylýan rejeleýiş-dikeldiş işleriniň ýöredilişine gönükdirilendir.

Pyragynyň keşbi bilen tanalan

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň sungat bölüminde Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Hommat Müllügiň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli kitap sergisi guraldy. Sergide halypa artistiň ömri we döredijiligi, onuň durmuş we sungat ýoly barada gürrüň berýän döwürleýin neşirler, kitaplar hem-de fotosuratlar giňden ýaýbaňlandyryldy.

«Ýerde Nowruz hormaty...»

Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň sungat bölüminde kitap sergisi guraldy. Sergide gadymy baýramyň bellenilişi barada gürrüň berýän döwürleýin neşirler, şol sanda şanly baýramyň şanyna taýýarlanylýan milli tagamlar barada giňişleýin beýan edilýän ylmy edebiýatlar görkezilýär.

Asylly terbiýäniň nusgalyk mekdebi

Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda şahsyýet, maşgala, jemgyýet bilen baglanyşykly ençeme milli däp- dessurlary, edim - gylymlary döredipdir. Olaryň ählisi biziň üçin ahlak ýörelgeleridir. Parasatly pederlerimiz ynsanyň içki hem daşky gözelligini görkezýän närsäniň onuň durmuşda özüni alyp barşyndadygyna, edebindedigine, terbiýesindedigine, ahlagyndadygyna göz ýetiripdirler. Aslyýetinde, nesil terbiýesinde zenan ahlaklylygyna, adamkärçiligine degişli wagyz-nesihatlardyr, maslahatlary ýaşlygyndan olaryň gulagyna guýmak örän wajyp işdir. Bu ýörelge durmuş tejribesinde synagdan geçen hakykatdyr. Sebäbi maşgala-döwletiň kiçijik bir agzasy, gaýtalanmajak dünýäsi hasaplanýar. Şunlukda türkmen maşgalasynda gyz-gelin edebi, çaga terbiýesi ýaly häsiýetler üns merkezinde saklanylýar. Şonuň üçinde türkmen halky maşgala edebini milli däp-dessur esasynda ýöredýär. Halkymyzyň dünýä siwilizasiýasyna goşant goşan birnäçe gymmatlyklarynyň, dünýäde türkmeni türkmen hökmünde ykrar etdiren medeniýetiniň, sungatynyň bardygyna buýsanýarys. Halkymyzyň ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlary, edim-gylymlary häzirki günlerde hem ähmiýetini ýitirmeýär. Türkmen maşgalasynda çaga terbiýesi, gyz-gelinleriň edep-ekramlylygy, sözleýiş medeniýeti barada, ýaş nesilleriň medeniýetini, aň-düşünjesini kämilleşdirmekde ozaldan gelýän däp-dessurlaryň, edim-gylymlaryň tutýan orny bimöçberdir. Türkm

«Hak aşyklar»

Şeýle at bilen ýakynda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň režissýory Handurdy Berdiýew halypa dramaturg Nobatguly Rejebowyň adybir pýesasyny täzeden işläp, tomaşaçylara hödürledi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar talyplarynyň durmuşy barada gürrüň berýän spektaklda teatryň Ş.Saparow, M.Saryýew, B.Sopyýewa, T.Hydyrowa ýaly ýaş artistleri baş gahrymanlaryň keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirýärler.

Ussat artisti ýatlap...

Ýakynda «Ussat artistiň manyly ömri» ady bilen Mary welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň halk artisti Täçbibi Gafurowanyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi. Kitaphana işgärleriniň, Mary şäheriniň Jemagat hojalyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda belli teatr artisti Enejan Akmyradowa öz halypasy Täçbibi Gafurowanyň belent adamkärçiligi, onuň milli teatr we kino sungatymyzyň ösmegine goşan goşandy barada täsirli gürrüň berdi. Bu ýerde guralan sergide halypa artistiň ömri we döredijiligi barada gürrüň berýän döwürleýin neşirlere uly orun berlip, onuň durmuş we sungat ýoluny şöhlelendirýän fotosuratlar görkezildi.  

Aşgabatda Türkmenistanyň halyçylarynyň bäsleşigi geçirildi

Aş­ga­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň ha­ly­çy­la­ry­nyň ara­syn­da «Ze­nan kal­by bi­len dö­re­di­len gö­zel­lik» at­ly bäs­le­şik ge­çi­ril­di. Bu ýyl be­ýik türk­men şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň doglan gününiň 300 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­lan­dy di­ýip, Türk­me­nis­tan Hal­ka­ra ha­bar­lar por­ta­ly ha­bar ber­ýär. Emin ag­za­la­ry­na ba­ha ber­mek üçin 100-e go­laý be­zeg, peý­zaž we port­ret ha­ly­la­ry hö­dür­len­di. Ola­ryň ulu­ly­gy 0,5 – 6 ine­dör­dül metr ara­ly­gyn­da üýt­ge­ýär. Bäs­le­şi­ge gat­na­şy­jy­lar di­ňe bir öz ha­ly­la­ry­ny gör­kez­män, eý­sem, ola­ryň önüm­çi­lik usul­la­ry ba­ra­da hem gür­rüň ber­di­ler, se­bä­bi Türk­me­nis­ta­nyň bäş we­la­ýa­ty­nyň her bi­rin­de ha­ly do­ka­ma­gyň öz in­çe­lik­le­ri we aý­ra­tyn­lyk­la­ry bar.

«Aba­dan ha­ly» — owa­dan ha­ly

Söz­ba­şy ady ag­zal­jak bu kär­ha­na­nyň jü­pü­ne dü­şen şy­ga­ry. Çün­ki «Aba­dan ha­ly» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň ba­har pas­ly­ny ýa­da sal­ýan, owa­dan reňk­li, aja­ýyp na­gyş­ly ha­ly we ha­ly önüm­le­ri­ne gö­züň dü­şen­de, özüň bil­mez­den, «Owa­dan­dy­gy­ny!» di­ýe­ni­ňi duý­man gal­ýarsyň. Ha­ly we ha­ly önüm­le­ri­niň giň top­lu­my­ny ön­dür­ýän bu kär­ha­na ýur­du­myz­da iň uly ha­ly önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­riň bi­ri hök­mün­de tanalýar.

«Türk­men­ha­ly» döw­let bir­le­şi­gi haly önümçiligini ýokarlandyrýar

Türk­men ha­ly­la­ry­nyň gaý­ta­lan­ma­jak gö­zel­li­gi we uzak wagt­lap ulan­ma­ga ýa­ram­ly­ly­gy ir­ki dö­wür­ler­den bä­ri bel­li­dir. Köp asyr­lyk ta­ry­hy bo­lan ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty bar­ha kä­mil­le­şip, be­lent de­re­je­le­re eýe bol­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­na uly or­nuň be­ril­ýän­di­gi­ni «Türk­men­ha­ly» döw­let bir­le­şi­gi­niň alyp bar­ýan işi aýdyň görkezýär. Bir­le­şi­giň esa­sy we­zi­pe­si türk­men el ha­ly we ha­ly önüm­le­ri­ni ön­dür­mek­den, ha­ly­ny do­ka­ma­gyň usul­la­ry­ny ulan­mak­dan, ga­dy­my ha­ly na­gyş­la­ry­ny we şu ug­ra de­giş­li ir­ki önüm­le­ri gaý­ta­dan di­kelt­mek­den yba­rat­dyr. «Türk­men­ha­ly» döw­let bir­le­şi­gi­niň Türk­me­nis­tan­da aras­sa ýüň ýüp­le­rin­den do­kal­ýan meş­hur türk­men el ha­ly­la­ry­ny dün­ýä ba­za­ry­na iber­ýän esa­sy ta­rap­dy­gy­nam bel­le­mek ge­rek. Bir­le­şi­giň dü­zü­min­e çe­per ha­ly­çy­lyk kär­ha­na­la­ry­nyň 8-si de­giş­li bo­lup, olar ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da ýer­leş­ýän en­çe­me ha­ly­çy­lyk bö­lüm­le­ri we seh­le­ri özün­de jem­le­ýär. Bir­le­şi­giň çe­per ha­ly­çy­lyk kär­ha­na­la­ryn­da ön­dü­ril­ýän dür­li na­gyş­ly, şe­kil­li, port­ret ha­ly­la­ry hem-de sow­gat­lyk önüm­le­ri bi­len bir ha­tar­da, türk­men ha­ly­la­ry­nyň nus­ga­wy gör­nüş­le­ri iş­le­ni­lip taý­ýar­la­nyl­ýar. Olar­da­ky do­kal­ýan aja­ýyp ha­ly­lar içer­ki ba­zar­lar­da he

«Os­kar» «Op­pen­geý­me­re» be­ril­di

Kris­to­fer No­la­nyň re­žiss­ýor­lyk et­me­gin­de su­ra­ta dü­şü­ri­len «Op­pen­geý­mer» fil­mi «Os­kar» ki­no­baý­ra­gy­nyň gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­syn­da «Iň oňat film» hök­mün­de baý­ra­ga my­na­syp bol­dy. 13 ugur bo­ýun­ça baý­ra­ga da­laş­gär gör­ke­zi­len bu film 7 ugur­da baý­ra­ga la­ýyk gö­rül­di. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, Kris­to­fer No­lan bu fil­mi üçin «Iň oňat re­žiss­ýor» diý­lip yg­lan edil­di. Bu film­de baş keş­bi dö­re­den Ki­lian Mer­fi bol­sa «Iň oňat akt­ýor» diý­lip yg­lan edil­di.

6 ýyldan soň 6-njy albomy çykdy

Meş­hur aý­dym­çy Jas­tin Tim­ber­leýkiň «Everyt­hing I Thought It Was» ady bi­len 6-njy stu­di­ýa al­bo­my diň­leý­ji­le­ri­ne go­wuş­dy. Al­bom­da 18 aý­dym bo­lup, ola­ryň ara­syn­da «Sel­fish», «Memp­his», «No an­gels», «Play», «Drown», «Love & War» ýa­ly aý­dym­lar bar. Ýy­gyn­dy­da ame­ri­ka­ly rep­çi To­be Nwig­we, ni­ge­ri­ýa­ly aý­dym­çy Fi­re­boy DML, şeý­le-de NSYNC to­pa­ry bi­len bi­le­lik­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len kom­po­zi­si­ýa­lar hem ýer alyp­dyr. Mag­lu­mat üçin, aý­dym­çy Jas­ti­niň soň­ky stu­di­ýa al­bo­my 6 ýyl mun­dan ozal çy­kyp­dy. 2018-nji ýy­lyň few­ral aýyn­da «Man of the Woods» ady bi­len diň­leý­ji­le­re gow­şan al­bo­my aý­dym­ça uly meş­hur­lyk ge­ti­rip­di. «Man of the Woods» al­bo­my «Bill­board 200» sa­na­wy­nyň bi­rin­ji or­nu­ny eýe­läp­di. Al­bom­da­ky «Filt­hy» we «Say So­met­hing» aý­dym­la­ry bol­sa «Bill­board Hot 100» sanawynyň il­kin­ji on­lu­gyn­da ýer alyp­dy.

Çaga terbiýesinde döwrebap ýörelgeler

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek biziň mukaddes ýörelgämizdir. Ýaşlarda ene dilimize, nusgawy edebiýatymyza belent sarpany kemala getirmek ir döwürden başlansa, oňat netije berýär. Esasan hem, çagalar bagynda ertekileri, gyzykly goşgulary aýdyp bermek bilen, olaryň gyzyklanmasyny artdyrmalydyr. Çaga terbiýesinde milli oýunlaryň, sanawaçlaryň, matallaryň peýdasy uludyr. Çaga özüne erteki aýdyp berilmegini, goşgy, sanawaç öwredilende, olary ýat tutup, ata-enesine aýdyp berip, olaryň diňlemegini, suratly kitaplara seredip, özleri bilen gürrüň edilmegini isleýär. Sözleýşiň kämil bolmagynyň binýady ilki maşgalada, soňra çagalar bagynda alnyp barylýan işleriň esasynda goýulýar. Çaga üçin möhüm bolan bu iki tarapyň özara hyzmatdaşlygy zerurdyr. Çaga terbiýesinde ata-eneleriň hem, terbiýeçileriň hem uly orny bardyr. Her bir maşgala öz çagasynyň ösüşine, terbiýesine aýratyn üns bermelidir. Çagalar bagynda terbiýeçiler dürli goşgulary, sanawaçlary, tapmaçalary öwretmek bilen bir hatarda, olaryň öwrenmäge bolan höwesini ösdürýärler. Şeýlelikde, çaganyň kadaly ösmegi üpjün edilýär, olara uly ýardam berilýär. Şahyrana halk döredijiligimiziň çaga durmuşy, çaga oýunlary bilen baglanyşykly görnüşleriniň biri ertekiler we sanawaçlardyr. Gadymyýete ýüzlensek, çagalara ertekidir gyzykly gürrüňleri bermek bilen, olaryň sözleýi

Çagalar üçin spektakl

Ýakynda Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň režissýory Öwezmuhammet Galandarow «Aldanan möjek» atly türkmen halk ertekisi esasynda adybir spektakly sahnalaşdyrdy. Durmuşda gabat gelýän dürli wakalardan ugurtapyjylyk bilen baş alyp çykmak barada çaga ýüregine ýakyn dilde söhbet açýan spektaklda teatryň O.Gurbanowa, J.Arazmämmedowa, J.Abaýew, K.Annaýew we beýleki artistleri dürli haýwanlaryň keşplerini janlandyrýarlar. «Saňa ýetermi owazym?»

«Sarpasyndan Arkadagly Serdaryň, Dünýä dolýar şany Magtymgulynyň!»

13-nji martda şeýle at bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sergi binasynda dabaraly maslahat geçirildi. Şeýle-de bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplarynyň, Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine, Türkmenistanyň taryhyna, medeniýetine, edebiýatyna bagyşlanan kitaplaryň, döwlet muzeýleriniň gaznasyndan milli gymmatlyklaryň sergisi guraldy. Sergide Döwlet kitaphanasynyň BEKU ulgamynyň işiniň Sensor panellerde görkezilmegi-de täsirli boldy.  

“Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli”

Nowruz - ýagşylygyň ilçisi! Baýram günlerinde adamlaryň hemmesi birek-birege hoşniýetlilik görkezýärler, daýhanlarymyz gowy niýet bilen ýere tohum sepýärler, atalar agtyklary bilen nahal oturtsalar, mährem zenanlarymyz bahar nygmatlaryndan toý saçagyny bezeýärler. Daş-töwerek abadanlaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Nowruz Galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklar arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam Nowruz baýramynyň esasy ýörelgeleridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baý medeni mirasly halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary, baýramçylyklary we toý dabaralary täze many-mazmuna eýe boldy. Türkmen halkynyň Milli bahar baýramy - Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Nowruzyň taryhyny ekerançylygyň irki ojaklary bilen baglanyşdyryp öwrenmek maksadalaýyk bolar. Eger-de Nowruzy, ilkinji nobatda, tebigatyň täzelenişi, ekerançylyk işleriniň başlanyşy bilen baglanyşdyrýan bolsak, onda bu baýramyň gözbaşyny hut şu bereketli toprakdan gözlemelidiris. Täze taryhy eýýamda Halkara Nowruz güni Türkmenistanyň ähli künjeklerinde giňden bellenilip geçilýän milli baýramlaryň biridir.