Asylly terbiýäniň nusgalyk mekdebi

19 Mart 2024
126

Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda şahsyýet, maşgala, jemgyýet bilen baglanyşykly ençeme milli däp- dessurlary, edim - gylymlary döredipdir. Olaryň ählisi biziň üçin ahlak ýörelgeleridir. Parasatly pederlerimiz ynsanyň içki hem daşky gözelligini görkezýän närsäniň onuň durmuşda özüni alyp barşyndadygyna, edebindedigine, terbiýesindedigine, ahlagyndadygyna göz ýetiripdirler. Aslyýetinde, nesil terbiýesinde zenan ahlaklylygyna, adamkärçiligine degişli wagyz-nesihatlardyr, maslahatlary ýaşlygyndan olaryň gulagyna guýmak örän wajyp işdir. Bu ýörelge durmuş tejribesinde synagdan geçen hakykatdyr. Sebäbi maşgala-döwletiň kiçijik bir agzasy, gaýtalanmajak dünýäsi hasaplanýar. Şunlukda türkmen maşgalasynda gyz-gelin edebi, çaga terbiýesi ýaly häsiýetler üns merkezinde saklanylýar. Şonuň üçinde türkmen halky maşgala edebini milli däp-dessur esasynda ýöredýär.

Halkymyzyň dünýä siwilizasiýasyna goşant goşan birnäçe gymmatlyklarynyň, dünýäde türkmeni türkmen hökmünde ykrar etdiren medeniýetiniň, sungatynyň bardygyna buýsanýarys. Halkymyzyň ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlary, edim-gylymlary häzirki günlerde hem ähmiýetini ýitirmeýär. Türkmen maşgalasynda çaga terbiýesi, gyz-gelinleriň edep-ekramlylygy, sözleýiş medeniýeti barada, ýaş nesilleriň medeniýetini, aň-düşünjesini kämilleşdirmekde ozaldan gelýän däp-dessurlaryň, edim-gylymlaryň tutýan orny bimöçberdir. Türkmen halky öz gelin-gyzlaryny dünýäde bar bolan ähli mukaddesliklere deňeýärler. Nusgawy şahyrlarymyz gyzlary owadan Aýa, Güne deňäp, taryp edipdirler.

Enejan AMANOWA
Darganata etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy