Çagalar üçin spektakl

14 Mart 2024
369

Ýakynda Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň režissýory Öwezmuhammet Galandarow «Aldanan möjek» atly türkmen halk ertekisi esasynda adybir spektakly sahnalaşdyrdy. Durmuşda gabat gelýän dürli wakalardan ugurtapyjylyk bilen baş alyp çykmak barada çaga ýüregine ýakyn dilde söhbet açýan spektaklda teatryň O.Gurbanowa, J.Arazmämmedowa, J.Abaýew, K.Annaýew we beýleki artistleri dürli haýwanlaryň keşplerini janlandyrýarlar.

«Saňa ýetermi owazym?»

Ýörite habarçymyz.