Joşgunly, bereketli ýaşaýşyň nurana baýramy

19 Mart 2024
215

Milli bahar baýramy gözelligiň we joşgunly ýaşaýşyň nurana baýramy bolup, ol dünýäniň ençeme halklaryny ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini hem-de zähmetsöýerligi rowaçlandyrýan, dünýä derejesinde dostluga, hoşniýetlilige çagyrýan, halkara derejesinde bellenilýän baýramdyr. Belent ýörelgelerden ugur alnyp, umumadamzat medeniýetiniň hazynasynda tutýan ornuny müdimileşdirmek, halklaryň medeniýetleriniň dürlüligini, özboluşlylygyny gorap saklamak hem-de olary dünýä ýaýmak maksady bilen, Halkara Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň teklip etmegi netijesinde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 21-nji martyny Halkara Nowruz güni diýip, yglan etmek barada Rezolýusiýa kabul edildi. Taryhyň irki döwürlerinden bäri ata-babalarymyz tarapyndan täzelenişiň, agzybirligiň, asudalygyň, hoşniýetliligiň, dostlugyň, doganlygyň, ynsanperwerligiň, berekediň baýramy hökmünde bellenilip gelýän Nowruzyň halkara baýramçylygy derejesine eýe bolmagy dünýäniň köp sanly milletleri bilen bir hatarda, türkmen halkynyň kalbyna-da şatlyk hem joşgun eçilýär.

Jahan SAPAROWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.