Ussat artisti ýatlap...

18 Mart 2024
331

Ýakynda «Ussat artistiň manyly ömri» ady bilen Mary welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň halk artisti Täçbibi Gafurowanyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi. Kitaphana işgärleriniň, Mary şäheriniň Jemagat hojalyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda belli teatr artisti Enejan Akmyradowa öz halypasy Täçbibi Gafurowanyň belent adamkärçiligi, onuň milli teatr we kino sungatymyzyň ösmegine goşan goşandy barada täsirli gürrüň berdi.

Bu ýerde guralan sergide halypa artistiň ömri we döredijiligi barada gürrüň berýän döwürleýin neşirlere uly orun berlip, onuň durmuş we sungat ýoluny şöhlelendirýän fotosuratlar görkezildi.  

Maýa ATAÝEWA,
Mary welaýat kitaphanasynyň sungat bölüminiň hünärmeni.