“Ýylyň gelşi Nowruzyndan belli”

14 Mart 2024
308

Nowruz - ýagşylygyň ilçisi! Baýram günlerinde adamlaryň hemmesi birek-birege hoşniýetlilik görkezýärler, daýhanlarymyz gowy niýet bilen ýere tohum sepýärler, atalar agtyklary bilen nahal oturtsalar, mährem zenanlarymyz bahar nygmatlaryndan toý saçagyny bezeýärler. Daş-töwerek abadanlaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Nowruz Galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklar arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýär. Hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklar, birek-birege ynam Nowruz baýramynyň esasy ýörelgeleridir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baý medeni mirasly halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlary, baýramçylyklary we toý dabaralary täze many-mazmuna eýe boldy. Türkmen halkynyň Milli bahar baýramy - Halkara Nowruz güni bilen baglanyşykly däpleri, edebi eserleri, halk oýunlary, toý tagamlary öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Nowruzyň taryhyny ekerançylygyň irki ojaklary bilen baglanyşdyryp öwrenmek maksadalaýyk bolar. Eger-de Nowruzy, ilkinji nobatda, tebigatyň täzelenişi, ekerançylyk işleriniň başlanyşy bilen baglanyşdyrýan bolsak, onda bu baýramyň gözbaşyny hut şu bereketli toprakdan gözlemelidiris. Täze taryhy eýýamda Halkara Nowruz güni Türkmenistanyň ähli künjeklerinde giňden bellenilip geçilýän milli baýramlaryň biridir.

Gülşat RESULOWA
Çärjew etrabynyň 1-nji çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy