Çaga terbiýesinde döwrebap ýörelgeler

18 Mart 2024
106

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek biziň mukaddes ýörelgämizdir. Ýaşlarda ene dilimize, nusgawy edebiýatymyza belent sarpany kemala getirmek ir döwürden başlansa, oňat netije berýär. Esasan hem, çagalar bagynda ertekileri, gyzykly goşgulary aýdyp bermek bilen, olaryň gyzyklanmasyny artdyrmalydyr. Çaga terbiýesinde milli oýunlaryň, sanawaçlaryň, matallaryň peýdasy uludyr. Çaga özüne erteki aýdyp berilmegini, goşgy, sanawaç öwredilende, olary ýat tutup, ata-enesine aýdyp berip, olaryň diňlemegini, suratly kitaplara seredip, özleri bilen gürrüň edilmegini isleýär. Sözleýşiň kämil bolmagynyň binýady ilki maşgalada, soňra çagalar bagynda alnyp barylýan işleriň esasynda goýulýar. Çaga üçin möhüm bolan bu iki tarapyň özara hyzmatdaşlygy zerurdyr.

Çaga terbiýesinde ata-eneleriň hem, terbiýeçileriň hem uly orny bardyr. Her bir maşgala öz çagasynyň ösüşine, terbiýesine aýratyn üns bermelidir. Çagalar bagynda terbiýeçiler dürli goşgulary, sanawaçlary, tapmaçalary öwretmek bilen bir hatarda, olaryň öwrenmäge bolan höwesini ösdürýärler. Şeýlelikde, çaganyň kadaly ösmegi üpjün edilýär, olara uly ýardam berilýär. Şahyrana halk döredijiligimiziň çaga durmuşy, çaga oýunlary bilen baglanyşykly görnüşleriniň biri ertekiler we sanawaçlardyr. Gadymyýete ýüzlensek, çagalara ertekidir gyzykly gürrüňleri bermek bilen, olaryň sözleýiş ukybyny ösdüripdirler, pikirlerini beýan etmegiň kämil usullaryny ýola goýupdyrlar. Şonuň üçin biz “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem çagalara dürli sanawaçlary, körpeler üçin goşgulary öwredýäris.

Şahla HAZRATOWA
Çärjew etrabynyň 7-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi