Täze menzillere badalga

19 Mart 2024
245

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her ýyly täze ösüşlere beslenýär. Bu döwürde ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak üçin ýylyň şygary yglan edilip, nyşanynyň kabul edilmegi şol ýylyň çärelerini, jemgyýetiň ruhy ahwalyny çeper beýan edýär. 2024-nji ýylyň şygary Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen kämil goşgusynyň adyny göterip, ýylyň esasy wakasy bilen utgaşyp gidýär. Nesip bolsa, bu ýyl akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli giň gerimli çäreler geçiriler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly taryhymyz, maddy hem-de ruhy mirasymyz ylmy esasda düýpli öwrenilýär. Şahyryň şygyrlaryny okanyňda, onuň ylmyň dürli ugurlaryndan giň düşünjesiniň bolandygyny görüp bolýar. «Kitap okan gullar manydan dokdur» diýip, okamagy, öwrenmegi wagyz eden Magtymguly Pyragynyň:

Mälikdurdy IŞANGULYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.