Milli gymmatlyklarymyz ylmy esasda öwrenilýär

19 Mart 2024
443

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli taryhy-medeni mirasyň desgalaryny aýawly saklamaga we ylmy esasda öwrenmäge uly üns berilýär. Munuň özi häzirki wagtda medeni gymmatlyklarymyzyň ylmy taýdan öwrenilmegini, dikeltmegiň usuly esaslarynyň has-da berkidilmegini güýçlendirmäge döwlet tarapyndan uly ähmiýet berilýändigini alamatlandyrýar.

Häzirki döwürde köpasyrlyk taryhymyzy görkezýän medeni ýadygärlikler şahsyýeti kemala getirmegiň çeşmesi bolup durýar. Goralyp saklanýan ýadygärlikler geçmişiň gymmatlyklaryna, olary döredijilikli özleşdirmäge mümkinçilik berýär. Bu ugurda alnyp barylýan ylmy işleri netijeli dowam etmekde, hünärmenleri ýetişdirmekde olara hünär ugry boýunça ýokary bilim berilýär. Şunda rejeleýiş we dikeldiş işleriniň esaslary dersine uly orun degişlidir. Bilim alýan talyplar bu dersi içgin öwrenýärler. Bu dersiň wezipesi türkmen halkynyň taryhy ýadygärliklerini, gymmatlyklaryny öwrenmäge, olarda alnyp barylýan rejeleýiş-dikeldiş işleriniň ýöredilişine gönükdirilendir.

Aýbölek REPBIMOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.