Akyldar şahyra sarpa

19 Mart 2024
456

Müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan baý hem-de gadymy medeniýetimizi dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda medeni mirasymyzyň gymmatlyklary, nusgawy edebiýatymyz dünýäde giňden wagyz edilýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ylmy esasda öwrenilýär we dünýäniň ylym jemgyýetçiliginde möhüm orun eýeleýär. Esasan hem, nusgawy edebiýatymyzyň hazynasy bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, onuň baý many-mazmuny edebiýatçylarda, dilçilerde we ähli alymlarda uly gyzyklanma döredýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň özi milli gymmatlyklarymyzy öwrenmekde we wagyz etmekde aýratyn many-mazmuna eýedir.

Nurbibi BERDIMYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki 70-nji orta mekdebiň mugallymy.