Aşgabatda Türkmenistanyň halyçylarynyň bäsleşigi geçirildi

18 Mart 2024
255

Aş­ga­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň ha­ly­çy­la­ry­nyň ara­syn­da «Ze­nan kal­by bi­len dö­re­di­len gö­zel­lik» at­ly bäs­le­şik ge­çi­ril­di. Bu ýyl be­ýik türk­men şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň doglan gününiň 300 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­lan­dy di­ýip, Türk­me­nis­tan Hal­ka­ra ha­bar­lar por­ta­ly ha­bar ber­ýär.

Emin ag­za­la­ry­na ba­ha ber­mek üçin 100-e go­laý be­zeg, peý­zaž we port­ret ha­ly­la­ry hö­dür­len­di. Ola­ryň ulu­ly­gy 0,5 – 6 ine­dör­dül metr ara­ly­gyn­da üýt­ge­ýär. Bäs­le­şi­ge gat­na­şy­jy­lar di­ňe bir öz ha­ly­la­ry­ny gör­kez­män, eý­sem, ola­ryň önüm­çi­lik usul­la­ry ba­ra­da hem gür­rüň ber­di­ler, se­bä­bi Türk­me­nis­ta­nyň bäş we­la­ýa­ty­nyň her bi­rin­de ha­ly do­ka­ma­gyň öz in­çe­lik­le­ri we aý­ra­tyn­lyk­la­ry bar.