6 ýyldan soň 6-njy albomy çykdy

18 Mart 2024
220

Meş­hur aý­dym­çy Jas­tin Tim­ber­leýkiň «Everyt­hing I Thought It Was» ady bi­len 6-njy stu­di­ýa al­bo­my diň­leý­ji­le­ri­ne go­wuş­dy. Al­bom­da 18 aý­dym bo­lup, ola­ryň ara­syn­da «Sel­fish», «Memp­his», «No an­gels», «Play», «Drown», «Love & War» ýa­ly aý­dym­lar bar. Ýy­gyn­dy­da ame­ri­ka­ly rep­çi To­be Nwig­we, ni­ge­ri­ýa­ly aý­dym­çy Fi­re­boy DML, şeý­le-de NSYNC to­pa­ry bi­len bi­le­lik­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len kom­po­zi­si­ýa­lar hem ýer alyp­dyr.

Mag­lu­mat üçin, aý­dym­çy Jas­ti­niň soň­ky stu­di­ýa al­bo­my 6 ýyl mun­dan ozal çy­kyp­dy. 2018-nji ýy­lyň few­ral aýyn­da «Man of the Woods» ady bi­len diň­leý­ji­le­re gow­şan al­bo­my aý­dym­ça uly meş­hur­lyk ge­ti­rip­di. «Man of the Woods» al­bo­my «Bill­board 200» sa­na­wy­nyň bi­rin­ji or­nu­ny eýe­läp­di. Al­bom­da­ky «Filt­hy» we «Say So­met­hing» aý­dym­la­ry bol­sa «Bill­board Hot 100» sanawynyň il­kin­ji on­lu­gyn­da ýer alyp­dy.

Aýperi GOÇGULYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.