«Sarpasyndan Arkadagly Serdaryň, Dünýä dolýar şany Magtymgulynyň!»

14 Mart 2024
665

13-nji martda şeýle at bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sergi binasynda dabaraly maslahat geçirildi. Şeýle-de bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplarynyň, Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine, Türkmenistanyň taryhyna, medeniýetine, edebiýatyna bagyşlanan kitaplaryň, döwlet muzeýleriniň gaznasyndan milli gymmatlyklaryň sergisi guraldy. Sergide Döwlet kitaphanasynyň BEKU ulgamynyň işiniň Sensor panellerde görkezilmegi-de täsirli boldy.  

Tuwakgül GYLYJOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň esasy kitaphanaçysy.