"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Halkara hyzmatdaşlyk pugtalanýar

Bitarap Türkmenistan döwletimiziň BMG bilen hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. 1992-nji ýylda BMG-ne agzalyga saýlanandan bäri geçen taryhy döwrüň dowamynda ýurdumyz özüni ählumumy derejede parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezmegi başardy. Hormatly Arkadagymyz şeýle diýýär: «BMG biziň üçin ählumumy goldawa eýe bolan we resmi taýdan ykrar edilen ýeke-täk guramadyr. Biz bu düzüme ählumumy özara gatnaşyklaryň sütüni, dünýäde parahatçylygy, bähbitleriň deňeçerligini, howpsuzlygy gorap saklamagyň kepili hökmünde garaýarys. Biz häzirki günde, dünýäniň dürli sebitlerinde dartgynlylygyň bolup geçýän ýagdaýlarynda BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň halkara gatnaşyklaryň hukuk we ahlak daýanjy bolmagynda galmalydygyna berk ynanýarys». BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistana amala aşyran sapary we onuň çäginde geçirilen ýokary derejeli gepleşikler bolsa milli hem umumy bähbitleri nazarlaýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüler. Duşuşygyň dowamynda parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, durnukly ulag we energetika ulgamyny ösdürmek babatda ynsanperwer ugurly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de ilatyň durmuş derejesini gowulandyrmak, bilimiň we sag

Arkadag şäheri — geljegiň şäheri

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toý-dabaralary halkymyza şatlyk paýlaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň açylmagyna bir ýyl doldy. «Arkadag şäheri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän binagärlik eseri bolup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysady taýdan rowaçlygyny, ägirt uly mümkinçiliklerini, halkymyzyň bagtyýar we erkana durmuşyny, ýaş nesillerimiziň nurana geljegini alamatlandyrýar» diýip, hormatly Prezidentimiz belläp geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli goldaw bermeginde gurluşygyna 2019-njy ýylda badalga berlen ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäher bu günki gün örän ajaýyp keşbe eýe boldy. «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu Kanun Arkadag şäheriniň hukuk ýagdaýyny, şonuň ýaly-da, Arkadag şäheriniň wezipelerini amala aşyrmagy bilen baglylykda döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň hukuk, guramaçylyk we beýleki esaslaryny kesgitleýär. Oňa laýyklykda, Arkadag şäherine döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy berildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda Arkadag şäherinde gurlup ulanmaga berlen bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna Watana wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezen, ähli bilimini we tejribesini ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine bagyşlan meşhur şahsyýetleriň atlary dakyldy.

Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynda ýetilen sepgitler

Saparmyrat ANNAMUHAMMEDOW Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasy «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamy dünýä ülňülerine çykaryldy, ulgamda halkara ölçeglerine we talabyna laýyk gelýän lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylyp, türkmen lukmanlarynyň hünär derejeleri yzygiderli ýokarlandyrylýar.

Türkmenistanda öndürilýän süýji-köke önümlerinde transýaglaryň mukdaryna gigiýeniki baha bermekligiň netijeleri

Şirin WELLANOWAM.Garryýew adyndaky TDLU-nyň iýmit gigiýena kafedrasy Adamyň saglygy köp ýagdaýlarda onuň ýaşaýan ýerine, töweregini gurşaýan ekologiýa şertlere, psihiki durnuklylygyna, fiziki taýdan işjeňligine, iýmit önümleriniň hiline we beýleki köp sanly şertlere baglydyr [1].

Burun-damagyň howply täze döremeleriniň kliniki-morfologik aýratynlyklary

Çemen DIWANGULYÝEWA, Gülälek ÝEGENGELDIÝEWA, Orazjamal BALAÝEWA, Raisa ISRAFILOWAM. Garryýew adyndaky TDLU-nyň gistologiýa, embriologiýa we sitologiýa kafedrasy Burun-damagyň howply täze döremeleri (BD HTD) kelle we boýun agzalarynyň howply çişleriniň 0,1-2%-ni, damagyň HTD-niň bolsa 45-55%-ni tutýar. Näsaglaryň 60-70%-i keseliň ötüşen derejelerinde ýöriteleşdirilen onkologiki hassahanalara ýüz tutýarlar. BD HTD bolan näsaglar ilkinji gezek lukmana ýüz tutanda 70-80%-niň limfa mäzlerinde metastazlar anyklanylýar [2, 4, 6].

Ösmeýän göwrelilikde patomorfologiki aýratynlyklar

Güljahan HOJAMBERDIÝEWAM.Garryýew adyndaky TDLU-nyň akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasy Ösmeýän göwrelilik (ÖG) häzirki zaman akuşerçiligiň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Soňky ýyllarda göwreliligiň irki möhletlerde anyklanmagy sebäpli, düwünçegiň öz-özünden düşmeleriniň arasynda ösmeýän göwreliligiň ýygylygy 45-88%-e çenli ýokarlandy. ÖG polietiologiki kesel bolmak bilen, onuň ýüze çykmagynyň sebäpleriniň biri hem embriohorial ýetmezçilikdir. Embriohorial ýetmezçiligiň etiologiki faktorlaryna genetiki, endokrin, immunologiki, ýokanç, anatomiki we utgaşan sebäpler degişlidir [1-5]. Göwreliligiň gaýra üzülmeleri, perinatal keselçilik we ölümçilik embriogenez we horionyň morfogenezi bilen baglydyr. Edebiýat maglumatlaryna görä, wagtynda ýüze çykarylmadyk embriohorial ýetmezçiligiň fetoplasentar ýetmezçilige öwrülýän ýagdaýlary hem bellenilýär [1-3]. Göwreliligiň dowamynda fetoplasentar ulgamynyň emele gelmegi düwünçegiň ösmegi üçin adekwat şertleriň döredilmegine ýardam berýär. Göwreliligiň gaýra üzülme bilen geçişi ulgamyň belli bir halkasynyň bozulmagy netijesinde bolup geçýär, bu bolsa düwünçegiň düşmelerine, ösmeýän göwrelilige, düwünçegiň ýagdaýynyň agyrlaşmagyna getirýär we düwünçegiň gipoksiýasyny, ösüşiniň saklanmagyny, bu bozulmalaryň ýüze çykmagyny, utgaşmagyny şertlendirýar. Göwreliligiň geljekki ösüşi angiogeneziň dogry geçmegine bagly bolup durýa

Demodekoz blefaritleriň bejeriliş usullary

Jamilýa PINAÝEWA, Gunça ANNAÝEWA, Mekan SÄHETNIÝAZOW, Leýla GARAJAÝEWAM. Garryýew adyndaky TDLU-nyň Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi Demodekoz – demodex urugyna degişli mugthor sakyrtga tarapyndan döredilýän gabaklaryň zeperlenmesi bolup, has giň ýaýran dermatozlaryň biridir [1, 2, 4, 6]. Gabaklaryň ähli alawlama keselleriniň arasynda demodex etiologiýaly ýüze çykýan blefaritler we blefarokonýunktiwitler 39-dan 88%-e çenli eýeleýärler [3, 4, 7]. Kesel ähli ýerlerde ýaýran, 89% göterijilerde bu patologiýanyň hiç hili ýüze çykmaýandygyna garamazdan, olarda mugthorlar tapyldy [1, 2]. Keseliň geçişi dowamly görnüşde bolýar, ýitileşme we remissiýa döwürleri bilen geçýär. Köp alymlar demodex urugyna degişli sakyrtgalary şertli patogenlere degişli edýärler, olar immunitetiň peselmegine itergi berýän belli bir şertleriň täsirinde özüniň işjeňligini ýüze çykaryp başlaýarlar (süýjüli diabet, AIU-nyň keselleri, stress ýagdaýlary, zyýanly endikler we başg.) [1, 3, 4, 6]. Biz elýeter edebiýatlarda süýjüli diabetli näsaglarda demodekozyň ýaýramagy barada köp maglumatlara duş gelmedik. Süýjüli diabet ýok näsaglar bilen deňeşdirilende, bu keselden ejir çekýän adamlaryň gabaklarynda sakyrtgalaryň ýerleşişiniň ýokary dykyzlygy ýüze çykaryldy [2, 4, 7].

Gastroduodenal gan akmalaryň anyklanyşy we hirurgiki bejerilişi

Annagurban ORAZOW, Nurmyrat KAKABAÝEW, Gadam SERDAROW, Merdan HOJAMYRADOW M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň fakultet hirurgiýasy kafedrasy, Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi esasynda häzirki zaman saglygy goraýyş, anyklaýyş düzümleri, dürli ugurlara ýöriteleşdirilen hassahanalar we şypahanalar toplumlary kemala geldi. Olarda ilata ýokary derejede, häzirki zaman talaplaryna laýyklykda lukmançylyk hyzmatlary amala aşyrylýar [1, 2].

Galkan şekilli mäziň gormonal işjeňliginiň bozulmalarynda ekstragenital patologiýa we akuşerçilik gaýra üzülmeleri

Maýa KAKAGELDIÝEWAFiziologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana Göwrelilik – bu göwredäki çaganyň ösüş döwründe aýalyň bedeninde bolup geçýän fiziologiýa hadysasydyr. Göwrelilik döwründe aýal bedeni enäniň we göwredäki ösýän çaganyň bedeniniň arasynda sazlaşykly aragatnaşygy döretmäge gönükdirilen çuňňur üýtgeşmelere sezewar bolýar [1-4, 9]. Göwrelilikde galkan şekilli mäziň (GŞM) işjeňligi hem üýtgeýär, onuň gormonlary nerw we ýürek-damar ulgamlaryna, ähli görnüşli madda çalşygyna, bedeniň uýgunlaşma reaksiýasyna hem-de göwredäki çaganyň ösüşine gönümel täsirini ýetirýär [10, 12, 14].

Metaboliki sindromly näsaglardaky patologiki üýtgeşmeler

Ogulgurban SOLTANOWA, Mämmetberdi ELÝASOWTürkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň biotehnologiýa kafedrasy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy Ösen we ösüp barýan ýurtlarda häzirki wagtda metaboliki sindrom saglygy goraýyş we jemgyýetçilik meseleleriniň iň wajyplarynyň birine öwrüldi. Metaboliki sindromyň alamatlarynyň birnäçe görnüşleri bolup, abdominal semizlik, arterial gipertoniýa, dislipidemiýa ýaly dürli häsiýetlerde ýüze çykýar. Birnäçe barlaglaryň netijesine görä, metaboliki sindrom ýürek-damar keseliniň, 2-nji tipli süýjüli diabetiň, insult we täze döremeleriň töwekgelçiligini ýokarlandyrýandygyny görkezýär [6, 9].

Gara tudananyň we ýapraklarynyň antioksidant işjeňligini hem-de mikroelement düzümini kesgitlemek

Myrat MÄMMEDOW, Swetlana PLESKANOWSKAÝA, Gülbahar ATAÝEWA, Güljahan HANMEDOWA, Irina SÝOMINATürkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň Ylmy-barlag merkezi, medisina himiýa kafedrasy, Onkologiýa ylmy-kliniki merkezi Tut agajy (Моrus) ýa-da tudana (Моrасеае) tutlar maşgalasyna degişli bolup, onuň ak (Моrus аlba) we gara (Моrus nigra) görnüşleri Türkmenistanda giňden duş gelýändir. Tuduň ýapraklaryndaky we miwelerindäki biologik işjeň maddalaryň ýokary mukdary olaryň gan emele gelmesini kadalaşdyrmak, alawlama garşy, antibakterial we beýleki häsiýetlerini amala aşyrmak ukybyny şertlendirýär [1]. Mundan uzak bolmadyk wagtda M.alba we M.nigra tudanalaryndan bolan serişdelerde antioksidant, howply täze döremä (HTD) garşy we immunmodulirleýji işjeňliginiň bardygy görkezildi [3, 5]. M.nigranyň gabygyndan alnan lektin adamda wirusa we HTD-e garşy goraga jogap berýän, T we tebigy killerler (NK) limfositleriň proliferasiýasyny hem-de işjeňligini ýokarlandyrýar [6].

Öýkeniň we bagryň utgaşan äpet ehinokokkozynyň hirurgiki bejergisi

Nur KOMEKOW, Nurmyrat KAKABAÝEW, Akmyrat MÄMMEDOW, Merdan HOJAMYRADOWM.Garryýew adyndaky TDLU-nyň fakultet hirurgiýasy kafedrasy, Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi Öýkeniň we bagryň utgaşan äpet ehinokokkozynyň anyklanylyşy we hirurgiki bejergisi hirurgiýanyň wajyp meseleleriniň biri bolup galýar [1, 5]. Dürli organlaryň ehinokokkozynyň arasynda öýkeniň we bagryň utgaşan ehinokokkozy 1,5%-den 45%-e çenli gabat gelýär [2, 3]. Awtorlaryň aglabasy iki tapgyrly hirurgiki bejerginiň tarapdary, ýagny bir hirurg operatiw gatyşmany öýkenden başlasa, beýlekisi bagyrdan başlaýar. Ýöne käbir awtorlar hirurgik bejerginiň tapgyrlary ehinokokk kistasynyň ýerleşýän ýerine, onuň ululygyna we gaýra üzülmeleriň barlygyna bagly hasaplaýarlar [2, 4]. Köp hirurglar bir tapgyrly operatiw gatyşmany oňlaýar, ýagny iki tapgyrly operatiw gatyşmanyň tapgyrara döwründe gaýra üzülmeleriň ýüze çykmagynyň mümkindigini belleýärler [3].

Baş maksat — adamlaryň saglygy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halky aýgytly gadamlar bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, halkyň abadançylygyny üpjün etmekde, keselleriň öňüni almakda, raýatlaryň talabalaýyk iýmitlenmegi we sagdyn durmuşda ýaşamagy babatynda, saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesine çykarmakda giň gerimli işler amala aşyrylýar. 21-nji iýulda Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 29 ýyl dolýar. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda geçen ýyllaryň dowamynda içeri we daşary syýasatda, ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda, şol sanda saglygy goraýyşda hem üstünlikli menzillere ýetildi we «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeler geçirilýär. Maksatnamanyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ilatyň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edilmegini, oňa ählumumy elýeterliligiň bolmagyny şertlendirýär. Munuň özi ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny berkitmäge, ömür dowamlylygyny has-da artdyrmaga mümkinçilik berýär. Şu babatda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi bilen bir hatarda ekologiýa ýagdaýyny, daşky gurşawy goramagy we bu ugurda dolandyryşyň täze usullaryny öz içine alýan giň ugurlardan ybarat

Goşa mukaddeslik

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi giňden belläp geçmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Milli Liderimiziň başyny başlan we hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda dowam etdirilýän täze taryhy eýýamynda asuda asmanda pasyrdaýan Döwlet baýdagy, rejelenen görnüşde kabul edilen Konstitusiýa halkymyzyň ösüşiniň, rowaçlygynyň hem bagtyýarlygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu ýagdaý türkmen döwletiniň üýtgewsiz ýörelgeleri bolan Garaşsyzlygy we hemişelik Bitaraplygy, parahatçylygy hem agzybirligi, demokratiýany, kanunlaryň ileri tutulmagyny özünde jemleýär hem-de onuň geljekki ösüş ugruny kesgitledi. Häzirki taryhy döwrümizde eziz Diýarymyzda giňden bellenilip geçilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni türkmen halkynyň jebisligini, bitewiligini alamatlandyrýar. Bagtyýar halkymyzyň bu goşa senäni şatlyk-şowhuna besläp, uludan toýlamagy döwlet berkararlygymyzy dabaralandyrýan milli gymmatlyklarymyza goýulýan belent hormat-sarpadan nyşandyr.

Sagdyn nesil — sagdyn jemgyýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen kabul edilen we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýakynda açylyp ulanmaga berlen Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi hem döwletimizde geljegimiz bolan ýaş nesliň sagdynlygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir. Merkez iki sany aýratyn binadan ybarat bolup, olar eneler we çagalar üçin niýetlenendir. Zenanlara lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenen bina çaga dogrulýan, göwrelileriň patologiýasy, ginekologiýa ýaly bölümlerini öz içine alýar. Çagalar binasynda bäbekleriň patologiýasy, kiçi ýaşly çagalar, nefrologiýa, newrologiýa, mekdep ýaşly çagalar, rewmokardiologiýa ýaly bölümleri halka hyzmat edýär. Her binada kabul ediş, anyklaýyş-maslahat beriş, kliniki laboratoriýa, anesteziologiýa-reanimasiýa bölümleri hereket edýär. Olardaky Germaniýa Federatiw Respublikasynda, Hytaý Halk Respublikasynda, Italiýa, Fransiýa, Türkiýe, Russiýa Federasiýasy ýaly döwletlerde öndürilen häzirki zamanyň iň kämil lukmançylyk enjamlary ýokary derejeli bejergi we barlag işlerini geçirmäge ýardam edýär. Öňdebaryjy innowasion enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp durky täzelenen lukmançylyk merkeziniň açylmagy durmuş maksatly döwlet syýas

Beýik akyldara belent sarpa

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejeli dabaralara, taryhy wakalara, giň gerimli çärelere beslenýär. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasyna girizildi. Häzirki ajaýyp zamanamyzda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralardyr çäreler ýurdumyzda we halkara derejesinde giň gerime eýe bolýar.

Saglyk babatda sowatlylygyň keselleriň öňüni almakdaky ähmiýeti

Nurmuhammet AMANNEPESOW, Muhammet ERGEŞOW, Ogulmähri GELDIÝEWA Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Saglygy goraýşyň habarlar merkezi Saglyk babatda sowatlylyk (SBS) jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň esasy guraly bolup, adam gymmatlygyna gönükdirilen çäreleriň uly toplumyny nazara alýar. SBS – kesgitläp we baha berip bolýan düşünjedir, ony kesgitlemegiň dürli gurallary işlenip düzülen we köp dillere terjime edilendir [3, 6, 7].

Arterial gipertenziýaly näsaglaryň antigipertenziw dermanlary ulanyşynyň farmakoepidemiologiki barlaglary

Orazgylyç ORAZGYLYJOWM. Garryýew adyndaky TDLU-nyň bejeriş bedenterbiýesi, saglygy dikeldiş we sport lukmançylygy kafedrasy Arterial gipertenziýa (AG) ilat arasynda giň ýaýran kesel bolup, howply ýürek-damar gaýra üzülmelerine getirmek mümkinçiliginiň ýokarylygy sebäpli, saglyk öýi şertlerinde dowamly gözegçiligi we köplenç ýagdaýlarda üznüksiz bejergini talap edýär [1, 2, 6]. Şol sebäpli, AG-ly näsaglaryň saglyk öýlerinde maşgala lukmanlary tarapyndan sagaldyş gözegçiliginde saklanylyşy we olaryň öý şertlerinde antigipertenziw derman serişdelerini (AGS) netijeli ulanyşy barada düýpli barlag işlerini geçirmek ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy üçin örän wajyp ähmiýete eýedir.

Bagryň bakterial abssessiniň iriňlän ehinokokk kistadan tapawutlandyrylyşy

Nazar GARRYÝEW, Gylyçdurdy GURBANBERDIÝEW, Serdar MÄMMETÝAZOWS.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkezi, M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň hirurgiýa boýunça diplomdan soňky taýýarlyk kafedrasy Bagryň bakterial abssessleri bilen iriňlän ehinokokk kistalaryň tapawutlandyrylyşynda döreýän kliniki kynçylyklar we ýalňyşlyklaryň ýygylygy bu keselleriň anyklanyş usullarynyň yzygider kämilleşdirilmegini talap edýär [3, 5]. Bagryň ojakly döremelerine degişli bolan bu kesellere mahsus tapawutly kliniki alamatlar bolmaýar diýen ýaly. Keselleri kesgitlemekde giňden ulanylýan ehografiýa we kompýuter tomografiýa (KT) barlaglarda bu patologiki hadysalaryň şekillerinde meňzeşlikler agdyklyk edýänligi sebäpli, näsaglarda gutarnykly kesel kesgitlemesini goýmakda we onuň bilen baglanyşykly bejergisinde ýalňyşlyklaryň goýberilmegi ýygy duş gelýär [4, 6, 8].

Aortokoronar şuntirlemeden soňky ilkinji ýüze çykýan alyn ýürek tirpildemäniň ýygylygynyň çaklamalary

Rejepmyrat ALYÝEW Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana Alyn ýürek tirpildeme (AÝT) aortokoronar şuntirleme (AKŞ) operasiýasyndan soň ýüze çykýan iň köp ýaýran aritmiýa bolup, takmynan, 27-33% ýagdaýda duş gelýär. [1-3]. AÝT iň köp ýaýran ýürek aritmiýasy hasaplanýar we çep garynjygyň zyňyş fraksiýasynyň peselmegine, operasiýadan soňky ýüze çykýan gaýra üzülmelere sebäp bolýar. AÝT-nyň umumy ilat arasynda ýaýramagy 1-2% diýip hasaplanýar [12]. AKŞ bolan näsaglaryň arasynda AÝT keseli has ýokary ýygylykda, takmynan, 25-40% bolýar we AKŞ-dan soňky ölümiň esasy sebäbiniň bolýandygy habar berilýär [11, 13]. Garrylyk, süýjüli diabet, gipertoniýa, öýkeniň dowamly obstruktiw keseli, çep garynjygyň ýetmezçiligi ýaly birnäçe utgaşykly töwekgelçilik sebäpleri bolan näsaglarda emeli gan aýlanyş şertlerinde AKŞ geçirileninden soň, AÝT-nyň ýüze çykmagy bilen baglanyşyklydygy anyklandy [2]. Näsaglar operasiýadan soňky ilkinji 4-5 günüň dowamynda, esasanam, operasiýadan soňky ilkinji 72 sagadyň dowamynda AÝT-nyň döremegine has ýakyndyr [4]. Mundan başga-da, AKŞ-dan soňky ýüze çykýan AÝT tromboemboliýa, böwrek ýetmezçiligi, ýürek ýetmezçiligi, ölüm we hassahanada dowamly bejergi almak ýaly has çylşyrymly ýagdaýlar bilen bilelikde geçýär, näsaglaryň durmuşynyň hiliniň peselmegine we bejerişe çykdajylarynyň ýokarlanmagyna sebäp bolýar [5, 6]. AKŞ-dan soň AÝT-ly näsaglarda diri