"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Nesil hakda alada

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly şanly wakalara, halkara maslahatlardyr forumlara, festiwallara hem-de sergilere baý bolup, türkmen ýaşlarynyň durmuşyny ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara besleýär. Bu ýylda ýaşlaryň gujur-gaýratyny, ukyp-başarnygyny görkezmegine has giň mümkinçilikler döredildi. Berkarar döwletimizde bagtyýar ýaşlarymyz döwrebap orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde çuňňur bilim-terbiýe alýarlar, hünär öwrenýärler. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda üstünlikli zähmet çekip, Garaşsyz Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Milli ykdysadyýetimize täze tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň yzygiderli ornaşdyrylýan wagtynda döwrebap pikirlenýän ýaşlaryň täzeçil başlangyçlaryna möhüm orun berilýär. Hormatly Prezidentimiz ýakynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýylyň ahyrynda ýaşlaryň dabaraly maslahatynyň we sergisiniň geçiriljekdigini aýdyp: «Bu dabarada ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň olimpiadalarynda, talyp ýaşlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, Diýarymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleriniň jemini jemläris» diýip belledi.

Dil öwreniş we döwrebap özgertmeler

Häzirkizaman dünýäsinde ylym we tehnika örän tiz ösýär. Bilim, ylym babatda gazanylýan üstünlikler adamzadyň ýeten belent derejeleridir. Şonuň üçin hem bu ugry ösdürmäge, ýaş nesillere öwretmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ylmyň iň täze gazananlaryny öwrenmek, işiňe, okuwyňa ornaşdyrmak üçin kämil hünärmenleriň döwrebap bilimlerine daýanylýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde dünýä dilleri, döwrebap tehnologiýalar yzygider öwredilýär, çünki bu ugurlary bilýän hünärmen dünýäniň ylymda gazananlaryndan habarly bolýar. Şeýle kämil hünärmenleri taýýarlamakda biziň ýokary okuw mekdebimizde hem netijeli işler alnyp barylýar. Zehinli ýaşlar tejribeli halypalaryň, professorlaryň ýolbaşçylygynda ylmy işlere çekilýär. Ýaşlaryň ylym babatdaky başarnyklaryny doly ýüze çykarmak, ösdürmek mümkinçiliklerini durmuşa geçirip, bilimli nesli kemala getirmek maksady bilen ýokary okuw mekdebimizde döwrebap şertler döredilýär. Şeýle hem ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlarynyň öz ugurlaryndan has-da kämilleşmekleri, önjeýli işlemekleri üçin şertler döredilýär. Ylmyň iň täze gazananlaryny özleşdirmek üçin olar ylmy makalalary ýazýarlar, gollanmalary taýýarlaýarlar. Şeýle hem mugallymlar okuw sapaklarynda öz tejribelerini ýaşlara öwredip durýarlar, olaryň aňyna ornan ylmy garaýyşlaryň kämilleşmegi üçin döwrebap bilimleri öwredýärler. Mälim bolşy ýaly, ylym we tehnika görlüp-eşidilmedik

Röwşen geljegiň aýdyň ýoly

Şöhratly pederlerimiz çuňňur ylymly-bilimli, giň dünÿägaraýyşly, kämil şahsyýetleriň kemala gelmekleri ugrunda aýratyn alada edipdirler. Ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň nesil terbiýesi babatdaky asylly ýörelgeleri üstünden birnäçe asyr aşsa-da, öz gymmatyny we ähmiýetini ýitirmän gelýär. Şuňa laýyklykda «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Ylymly il ozar, ylymsyz il tozar» diýen pähimlere eýerýän halkymyz häzirki döwürde hem nesil terbiýesinde ylymdan, bilimden ýüki ýetik ýaşlaryň kemala gelmegi ugrunda alada edýär. Çünki ylym jemgyýetiň ösüşini üpjün edýän, ony öňe ilerledýän güýçdür. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, olaryň şahsy başlangyçlaryny durmuşa ornaşdyrmak ugrunda giň maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Esasan hem ýurdumyzda ösen aň-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesilleriň kemala gelmegini gazanmakda alnyp barylýan işler, amala aşyrylýan özgertmeler döwlet syýasatymyzyň esasy ugry hökmünde kesgitlenilýär. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşmak ugrunda başyny başlan beýik özgertmeleri berkarar döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp derejede dowam etdirilýär. Üstümizdäki ýylda güneşli Diýarymyzyň dürli künjeklerinde bilim ojaklarynyň birnäçesiniň birbada ulanylmaga berilmegi we düýbüniň tutulmagy-da muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Bilimli il ozar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz bilimleriň we ylymlaryň pajarlap ösýän mekany hökmünde giňden tanalýar. Berkarar Diýarymyzda ýaşlar syýasatynyň maksatlaryny we wezipelerini üstünlikli amala aşyrmak durmuşa ornaşdyrylýan düýpli özgertmeleriň esasy özenini düzýär. Ýaşlary ruhy-ahlak taýdan kämil, döwrebap terbiýeli edip ýetişdirmek wezipesi hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly: «Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, mertebesi hem-de beýik geljegidir». Şunuň bilen baglylykda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan, ylym we hünär öwrenýän, senagatda, oba hojalygynda we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda häzirki wagtda ýörite bilimli ýaşlarymyzyň müňlerçesi joşgunly zähmet çekýärler. Berkarar Diýarymyzyň beýik ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ýurdumyzda bu ugurda sanlyja ýyllarda bitirilen beýik işler ähli halkymyzy guwandyrýar. Ýurtda her ýyl ençeme döwrebap çagalar baglary, orta we ýörite orta, ýokary okuw mekdepleri, kitaphanalar gurulýar hem-de kämil tehniki enjamlar, kompýuterler, kitaplardyr gollanmalar bilen üpjün edilýär. Şu ýyl hem mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda, Bilimler we talyp ýaşlar gününde Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň

Harby ugry nazarlaýan ylmy gözýetimler

Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek arkaly, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleri giň dünýägaraýyşly, häzirki zaman ylmynyň hem-de tehnikasynyň gazananlaryny çuňňur özleşdirmek bilen, olary halk hojalygynda giňden peýdalanmagy başarýan, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň has gülläp ösmegi ugrunda mynasyp goşant goşjak nesilleri terbiýelemäge gönükdirilen tagallalar bimöçberdir. Munuň şeýledigine soňky ýyllarda ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler hem şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň köpüsinde aspiranturalar, doktoranturalar açyldy. Ylmyň ak ýoluna düşen raýatlarymyz dürli ugurlar boýunça ylmy-barlag hem gözleg işlerini dowam etdirmäge mümkinçilik aldylar.

Üstünlikli geçen synaglar

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda ýerine ýetirilmeli esasy çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, gullugymyzyň ähli serhet birikmelerinde we harby bölümlerinde harby gullukçylaryň bilim we başarnyk derejelerini kämilleşdirmek hem-de hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen ýylyň dowamynda geçirilen okuw sapaklarynyň jemi jemlenilip, synaglar kabul edildi. Harby gullukçylara serhet we umumygoşun taktikasy, syýasy-ynsanperwerlik hem-de beden taýýarlygy dersleri boýunça guralan okuw sapaklary serhetçileriň harby bilim derejeleriniň ýokarlanmagyna, hünär derejeleriniň kämilleşmegine özüniň oňaýly täsirlerini ýetirdi. Harby gullukçylar ady agzalan dersler boýunça synaglary üstünlikli tabşyryp, olarda has tapawutlananlaryň hünär derejeleri ýokarlandyryldy. Umumy okuw möwsüminiň jemi boýunça, şeýle-de Serhet goşunlarynyň gulluk-söweşjeň işleriniň netijelerine laýyklykda, gullugymyzyň serhet birikmeleriniň we harby bölümleriniň öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleriň abraý bilen hötdesinden gelýändiklerini görmek bolýar.

Okuw-tejribe sapaklary

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň binagärlik, senagat we ýol gurluşygy ulgamlarynyň günsaýyn ösmegi netijesinde durmuş hem-de iri senagat maksatly döwrebap binalaryň, desgalaryň toplumlarynyň gurlup ulanmaga berilmegi bilen, olaryň tebigy hadysalara, adatdan daşary ýagdaýlara durnuklylygyny ýokarlandyrmak, şeýle ýagdaýlaryň döremeginiň öňüni almak hem-de raýat goranyşy çygrynda ýokary bilimli harby hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binýadynda döredilen Raýat goranyşy fakultetinde okuw-tejribe işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Şundan ugur alnyp, golaýda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň ýokary derejeli hünärmenleriniň we ýöriteleşdirilen harby tehnikalarynyň, şeýle hem gözleg-halas ediş toparynyň gatnaşmagynda institutyň binýadynda amaly-tejribe sapaklary guraldy. Okuw sapaklarynyň dowamynda şäher halas ediş toparynyň serkerdesi, uly leýtenant Ahmet Ýazowyň we beýleki halas edijileriň adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň ýetiren zyýanlaryny ýok etmek boýunça güýçleri we serişdeleri döretmek, taýýarlamak we ulanmak üçin taýýar ýagdaýda saklamak hem-de ejir çekenlere kömek bermek babatynda çykyşlary has-da täsirli boldy. Ýerli halas ediş toparynyň kinology, borçnama boýunça harby gullukçy Daýanç Gurbanow gulluk itleriniň kömegi bilen tebigy we

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

KÄRE BOLAN SÖÝGI Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, şeýle hem bilim-terbiýeçilik işlerini döwrebaplaşdyrmakda esasy mesele mugallymyň ukyp-başarnygyna baglydyr. Sakarçäge etrabynyň Döwletli zaman şäherçesinde ýerleşýän 42-nji orta mekdebiň 1-nji synp mugallymy Hallygözel Täşliýewa öz işiniň ussadydyr. 1-nji synpda bilim we terbiýe berilýän çagalary terbiýeläp ýetişdirmek, çagalary irki döwürden terbiýelemek, olaryň beden we ruhy saglygyny berkitmek, şahsy başarnyklaryny we sözleýiş dilini ösdürmek üçin okatmagyň işjeň ussullaryndan ugur alýan Hallygözel Täşliýewanyň işi ilerleýär. Ol indi bu kärde 29 ýyldan bäri işläp gelýär. Tejribeli mugallym ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, aň-bilim mümkinçilikleriniň ýokarlanmagy üçin täzeçe işlemäge çalyşýar.

Kitap — ruhy hazyna

Golaýda Alym Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerini raýatlarymyzyň, esasan hem, ýaşlarymyzyň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köýtendag etrap birleşmesiniň guramagynda etrapdaky merkezi kitaphanada söhbetdeşlik geçirildi. «Hormatly Arkadagymyzyň atalyk kitaplary — durmuş ýörelgämiz»  diýen at bilen geçirilen söhbetdeşlige bilim ulgamynyň işgärleri, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdy. Bu ýerde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren ajaýyp eserleriniň ýaş nesillerimizi terbiýelemekde gymmatly gollanma bolýandygyny bellediler. Şeýle hem çykyşlarda  bu ajaýyp eserleriň her gatyna halkymyzyň geçmişi, şu güni hem-de aýdyň geljegi barada gymmatly maglumatlaryň ýerleşdirilendigi buýsanç bilen bellenildi.

Bilimli ýaşlar — Watan guwanjy

Geljegimiz bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, işbaşarjaň hem zehinli bolup ýetişmekleri möhüm ugurlaryň biridir. Häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň uzak taryhyň dowamynda toplan, kämilleşdiren baý durmuş tejribesine, häzirki zaman ylmynyň, medeniýetiniň gazananlaryna daýanylyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy ahlak taýdan sazlaşykly ösmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (rejelenen görnüşi) kabul edilmegi döwrümiziň iň möhüm ädimleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiz ýurduň ygtybarly daýanjy hem guwanjy bolan ýaşlaryň päk terbiýe, döwrebap bilim almagyna aýratyn üns berýär. Okumyş, giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa we ynsanperwer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, biziň her birimiziň asylly maksadymyzdyr. Şonuň üçin hem ýaşlaryň döredijilik maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Mekdebe çenli bilim edaralarynda terbiýeçilik işiniň ähmiýeti

Her bir adam özüniň beýlekilerden tapawutlydygyny indiwidual aýratynlyklarynyň üsti bilen ýüze çykarýar. Çaga terbiýesinde we bilim almagynda ýokary netijeliligini gazanmakda hem şol aýratynlyklar göz öňüne tutulmalydyr. Indiwidual çemeleşmegiň kömegi bilen biz her bir çaganyň «açaryny» tapmagy başararys. Indiwidual çemeleşme ilkinji nobatda, çaganyň oňyn taraplaryny kämilleşdirmäge we ýetmezçiliklerini ýeňip geçmäge gönükdirilendir. Çaganyň özüni alyp barşynda oňyn aýratynlyklary wagtynda ýüze çykarmagy başarmaklyk geljekde bilimli nesliň kemala gelmeginde zerur bolup durýar. Indiwidual çemeleşme bilim berşiň işjeň, kemala getiriji, kämilleşdiriji esaslaryny we pedagogikanyň usullaryny öz içine alýar. Indiwidual çemeleşme döredijilikli häsiýete eýe bolup, ol çaga differensial çemeleşmekde esasydyr. Bu babatda käbir ýörelgelere eýermek bolar. Ýagny, çaga bilim bermek we oňa düşünmek, çaga söýgi bilen garamak, esasy bilim-düşünjeleri öwretmek, terbiýeçileriň çagany bahalandyrmak ukybynyň bolmagy ýaly ýörelgelere üns bermeli.

Ene dilim — eziz dilim

Dil akyl-paýhaslar hazynasy, ylymlaryň açary hasaplanýar. Diliň edep-terbiýe bermekdäki, bilim öwrenmekdäki, ylymly bolmakdaky çäksiz hyzmatyny ýaş nesliň aňyna ýetirmek dilçi mugallymlaryň borjy we baş wezipesidir. Milli diliň edep-terbiýe bermekdäki ähmiýetini, daşary ýurt dilleriniň ylym öwrenmekdäki ähmiýetini biziň her birimiz bilýäris. Şonuň üçin hem orta mekdeplerden başlap, dünýä dillerini çuňňur öwretmek usulyýetini kämilleşdirýäris, ene dilimize belent sarpany terbiýeleýäris. Ýaş nesillere ene dilimize bolan belent sarpany terbiýelemekde nusgawy edebiýatyň hem-de halk döredijilik eserlerimiziň orny uludyr. Bu babatda geçilýän sapaklarda nakyllara aýratyn üns berýäris. Nakyllaryň okuwçylaryň aňyna ornaşmagy, sözleýşiniň baýlaşmagy asylly terbiýäniň gözbaşydyr. Ene dilimizi ýaşlara çuňňur öwretmek bilen, olaryň dil baýlygyny artdyrmaga mümkinçilik alýarys. Çünki dil pikirlenişiň, söz baýlygynyň, şeýle hem pikiriňi beýan etmegiň serişdesi bolup durýar. Munuň üçin ýaşlara dilimizi çuňňur öwredip, dürli kitaplary okamaklaryny gazanýarys. Esasan hem nusgawy edebiýatymyzyň hazynalaryny, dürli asyrlarda döredilen eserleri okamagy ündeýäris. Kitap okamak arkaly söz baýlyklaryny öwretmek mümkin bolýar. Şonuň netijesinde hem dilimiziň söz baýlygyna düşünýän nesiller ýetişýär. Şeýle kämil nesiller dürli ugurlarda hem giň dünýägaraýyşly hünärmenler bolup ýetişýärler.

Dil bilen dünýäni gezer

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim has-da ösdürilýär, ýaşlaryň bilim öwrenmekleri, ylym bilen meşgullanmaklary, daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde hem daşary ýurt dillerini öwretmegiň dürli ugurlary, usullary ylmy esasda öwrenilýär. Bu döwrebap usullar dil öwretmegiň kämil ugry bolup, okuw işinde oňat ýardam berýär. Muny okuw tejribesinde hem aýdyň görmek bolýar. Daşary ýurt dillerini öwretmekde lingafon otaglaryň, audio we wideo ýazgylaryň, janly gepleşigiň ähmiýetiniň uludygyny bellemeli. Şonuň üçin hem dil öwredilende sözleýşe, söz baýlyklarynyň özleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Dil öwrenýänleriň özleşdirmeli leksik we grammatik materiallaryň esasy bölegi sözler bilen baglydyr. Şeýle hem sözleri gepleşikde ulanmak, sözlemlerde beýan etmegi başarmak ýaly endikleri ösdürmelidir. Munuň üçin goşulmalaryň ulanylyşy barada morfologiýanyň düzgünleri öwredilýär. Şonuň ýaly-da, sözlemleri düzmek, habar sözleminiň dürs we ýazuw kadalary ýaşlara düşündirilýär. Ýaşlaryň sözleýiş endiklerini ösdürmekde habar sözlemleriniň üstünde işlemek mümkinçilikleri giňdir. Bu işde sözleýiş işjeňligini artdyrmak, dil öwrenýänleriň gyzyklanýan zatlaryna has köp üns bermek maslahat berilýär. Talyplaryň sözleýiş endiklerini ösdürmekde olarda lingwistik taýdan ygtybarly endikleri ýola goýmak, olaryň bilesigelijilikler

Daşary ýurt dillerini kämil öwrenmek döwrüň talaby

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ösüşiň we döredijiligiň, gurmagyň we kämilleşmegiň aýdyň ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlara mahsus bolan hem-de ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän binýada esaslanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlarymyzy dünýä derejesine laýyk gelýän ylymly-bilimli nesiller edip ýetişdirmek, giň gözýetimli ýaşlar edip terbiýelemek meselesi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki döwürde alnyp barylýan netijeli işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna, ýaşlarymyzyň sagdyn, bilimli bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat ýörelgelerinden gözbaş alyp gaýdýan dostluk-doganlyk, parahatçylyk, bagtyýarlyk ýollarynyň dünýäniň çar künjüne uzamagy halklary biri-birine ýakynlaşdyrýar. Daşary döwletler bilen halk hojalygynyň dürli pudaklary boýunça aragatnaşygy mundan beýläk hem giňeltmek we ösdürmek üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygy ýüze çykýar. Halklaryň özara düşünişmegi üçin diliň ähmiýeti örän uludyr. Islendik hünärmene saýlan ugry boýunça daşary ýurt dillerini öwrenmegiň zerurlygyny aýratyn bellemek gerek. Bu bolsa

Aýdyň geljegiň şamçyragy

Ak ertirlerimiziň röwşenligi şu günki ýaş nesiller hakyndaky aladalardan wysal tapýar. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş türkmenistanlylaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet taýdan kemala gelmekleri, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary üçin ähli zerur şertler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz tarapyndan esaslandyrylan döwletliligiň synmaz sütünlerini berkidýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz milli bilim özgertmelerini dowam edip, giň dünýägaraýyşly, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaşlary Watana söýgi, wepalylyk ruhunda terbiýelemekde beýik işleri bitirýär. Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini giňden açmakda, dünýä derejeli ylmy düşünjesi bolan hünärmenleri, alymlary ýetişdirmekde halkara hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmak ýaly wezipeler hormatly Prezidentimiziň döwlet Baştutany wezipesine dalaşgärlik maksatnamasyndan gözbaş alýar: «Ylmyň kökleri çagalar bagyndan başlap ösmelidir we munuň üçin ylym-bilimiň basgançaklary dünýä standartlarynyň talaplaryna doly laýyk getirilmelidir».

Bilimli nesiller — döwrüň guwanjy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr» diýmek bilen, ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyklykda kämilleşdirmegiň, ýaş nesillere döwrebap bilim, terbiýe bermegiň zerurdygyny yzygiderli nygtaýar. Döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, türkmen ýaşlary hem halkara ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda baýrakly orunlara mynasyp bolup, Garaşsyz Watanymyzyň abraýyny belende götermäge mynasyp goşantlaryny goşmaga çalyşýarlar. Bu babatda diňe soňky ýyllarda paýtagtymyzyň orta mekdeplerinde okaýan okuwçylaryň gazanan üstünlikleriniň mysalynda-da anyk gürrüň etmek mümkin. Geçen okuw ýylynda Aşgabat şäheriniň mekdep okuwçylarynyň okuw dersleri boýunça geçirilen halkara ders, taslama bäsleşiklerinde, olimpiadalarda üstünlikli çykyş etmekleri bizi örän begendirýär. Diňe şäherimizdäki ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiň okuwçylary 2022-2023-nji okuw ýylynda halkara olimpiadalarda jemi medallaryň 40-dan gowragyny gazanmagy başardylar. Olaryň bu üstünliginde mugallymlarymyzyň hem uly paýy bardyr. Biz bu günki gün Arkadagly Serdarymyzyň: «Siz milli ýörelgelerimizi we halypa-şägirtlik ýolumyzy mynasyp dowam etdirmek bilen, mu

Dünýä dilleri öwrenilýär

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan bilim özgertmeleriniň baş maksady giň dünýägaraýyşly, bilimli, aň-düşünjeli, berk bedenli, sagdyn ruhly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr. Ýurdumyzyň umumy we ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamasynyň çäklerinde daşary ýurt dilleriniň ençemesi okadylyp, onuň hili has-da ýokarlandyrylyp, tejribeli we öz işine ussat hünärmenler kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek biziň alyp barýan işlerimiziň esasy maksady bolmalydyr. Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilýär. Bu gün türkmen ýaşlary belent maksatlara tarap ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda okaýarlar, döredýärler, özlerine bildirilýän ýokary ynama mynasyp jogap bermäge çalyşýarlar. Ata Watanymyzyň beýik geljegi ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagyna, ökde hünärmenler bolup ýetişmegine baglydyr.

Okuwçylaryň hasaplamak endiklerini ösdürmek

Häzirki endiklerini ösdürmekHäzirkiajaýyp döwrümizde ýaş nesle çuňňur bilim we terbiýe bermek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Orta mekdeplerde başlangyç bilimiň kämil bolmagyny gazanmak bilim işgärleriniň baş maksadydyr. Okuwçylar başdan okaýan sapaklaryna oňat düşünmelidir, başlangyç bilimi özleşdirmelidir. Şundan ugur alyp, öwredilýän temanyň okuwçylaryň ýadynda gowy galmagy üçin täsirli sapaklary guraýaryn. Başlangyç synplarda matematika sapagyny täsirli guramak, multimedia tagtasynda sanlary görkezmek we täsirli bolmagy üçin ony gyzykly oýunlar bilen baglanyşdyrmak bolar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim edaralary innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Orta mekdepler multimedia tagtalary, kompýuterler bilen üpjün edilip, sapaklary döwrebap guramaga ähli mümkinçilikler döredilen. Bu bolsa mugallymlaryň iş usulynyň barha kämilleşmegine we okuwçylaryň sapaga bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Ynha, başlangyç synp okuwçylary bilen sapak guralanda multimedia tagtasyndan, okuw kitabyndan peýdalanylýar. Multimedia tagtasynda sapak bilen baglanyşykly görkezilýän şekiller başlangyç synpda okaýan okuwçylar üçin has-da gyzykly bolýar. Şunda okuwçylaryň sapagy özleşdirmeklerine hem täsirliligi ýokary bolýar.

Hünär ugurly okuwlarda sapak ýazgysynyň taýýarlanylyşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyzyň bagtyýar geljegi bolan ýaşlarymyzyň häzirki zaman bilimli, giň gözýetimli, täze tehnologiýalardan baş çykarýan ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalary edýärler. 2023 — 2024-nji okuw ýylynda umumybilim we ýörite bilim edaralarynda hünär okuwynyň girizilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýaş nesliň bilim binýady berkden tutulýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işler täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Döwletiň, jemgyýetiň her bir babatdaky ösüşi bilimiň, ylmyň näderejede ösýändigine bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem her bir döwletde ylym-bilimiň ösmegi zerurdyr. Binanyň berkliginiň binýadyň mäkämligine baglydygy bize durmuş hakykatyndan mälimdir. Binýat näçe berk, oýlanyşykly goýulsa, gurýan ymaratymyz hem şonça gaýym hem ajaýyp bolar. Ýaş nesliň ylym-bilim binýadynyň berkden tutulmagy hem ýurduň geljekki ösüşiniň aýdyň kepilidir. Muňa mysal hökmünde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek üçin köp mümkinçilikleriň döredilýändigi aýdyp bileris. Türkmen ýaşlaryna dünýä ülňülerine laýyk derejede ylym-bilim berilmegini üpjün etmek meselesi ýurdumyzda esasy wezipe bolup durýar. Biziň häzirki ýaşaýan döwrümizde ylym-bilim iň bir wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Ýokary bilimlilik we öz kesbiňde kämillik bolsa bu jemgyýetde öz ornuňy tapmak üçin girew