Röwşen geljegiň aýdyň ýoly

29 Noýabr 2023
452

Şöhratly pederlerimiz çuňňur ylymly-bilimli, giň dünÿägaraýyşly, kämil şahsyýetleriň kemala gelmekleri ugrunda aýratyn alada edipdirler. Ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň nesil terbiýesi babatdaky asylly ýörelgeleri üstünden birnäçe asyr aşsa-da, öz gymmatyny we ähmiýetini ýitirmän gelýär. Şuňa laýyklykda «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat», «Ylymly il ozar, ylymsyz il tozar» diýen pähimlere eýerýän halkymyz häzirki döwürde hem nesil terbiýesinde ylymdan, bilimden ýüki ýetik ýaşlaryň kemala gelmegi ugrunda alada edýär. Çünki ylym jemgyýetiň ösüşini üpjün edýän, ony öňe ilerledýän güýçdür.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, olaryň şahsy başlangyçlaryny durmuşa ornaşdyrmak ugrunda giň maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Esasan hem ýurdumyzda ösen aň-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesilleriň kemala gelmegini gazanmakda alnyp barylýan işler, amala aşyrylýan özgertmeler döwlet syýasatymyzyň esasy ugry hökmünde kesgitlenilýär. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna goşmak ugrunda başyny başlan beýik özgertmeleri berkarar döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp derejede dowam etdirilýär. Üstümizdäki ýylda güneşli Diýarymyzyň dürli künjeklerinde bilim ojaklarynyň birnäçesiniň birbada ulanylmaga berilmegi we düýbüniň tutulmagy-da muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bilim edaralarynda ýaşlaryň ylmyň soňky gazananlary esasynda okamaklary, kesbine kämilleşmekleri, dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan baş alyp çykmaklary üçin hem giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň kämil paýhasynyň, durmuşa geçirýän syýasatynyň guwandyryjy netijelerini türkmen ýaşlarynyň halkara derejesinde geçirilýän ylmy bäsleşiklerde gazanýan üstünlikleriniň mysalynda hem görmek bolýar.

Aknur BAHTYÝAROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.