Dil öwreniş we döwrebap özgertmeler

1 Dekabr 2023
778

Häzirkizaman dünýäsinde ylym we tehnika örän tiz ösýär. Bilim, ylym babatda gazanylýan üstünlikler adamzadyň ýeten belent derejeleridir. Şonuň üçin hem bu ugry ösdürmäge, ýaş nesillere öwretmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ylmyň iň täze gazananlaryny öwrenmek, işiňe, okuwyňa ornaşdyrmak üçin kämil hünärmenleriň döwrebap bilimlerine daýanylýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde dünýä dilleri, döwrebap tehnologiýalar yzygider öwredilýär, çünki bu ugurlary bilýän hünärmen dünýäniň ylymda gazananlaryndan habarly bolýar. Şeýle kämil hünärmenleri taýýarlamakda biziň ýokary okuw mekdebimizde hem netijeli işler alnyp barylýar. Zehinli ýaşlar tejribeli halypalaryň, professorlaryň ýolbaşçylygynda ylmy işlere çekilýär. Ýaşlaryň ylym babatdaky başarnyklaryny doly ýüze çykarmak, ösdürmek mümkinçiliklerini durmuşa geçirip, bilimli nesli kemala getirmek maksady bilen ýokary okuw mekdebimizde döwrebap şertler döredilýär. Şeýle hem ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlarynyň öz ugurlaryndan has-da kämilleşmekleri, önjeýli işlemekleri üçin şertler döredilýär. Ylmyň iň täze gazananlaryny özleşdirmek üçin olar ylmy makalalary ýazýarlar, gollanmalary taýýarlaýarlar. Şeýle hem mugallymlar okuw sapaklarynda öz tejribelerini ýaşlara öwredip durýarlar, olaryň aňyna ornan ylmy garaýyşlaryň kämilleşmegi üçin döwrebap bilimleri öwredýärler.

Mälim bolşy ýaly, ylym we tehnika görlüp-eşidilmedik derejede ösmek bilen adamzadyň durmuşyny özgertdi. Bu ähli pudaklarda kämil derejelere çykyp, barha işjeň häsiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda tehnologiýanyň kömegi bilen dünýäniň çar künjeginde bolup geçýän ylmy açyşlar, täze oýlap tapyşlar bilen tanşyp bolýar. Şonuň üçin hem dünýäniň ylymda gazanan üstünlikleri bilen tanyşmak üçin ýaşlara tehnologiýalar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri yzygider öwredilýär. Ösen maglumat tehnologiýalarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup, bu babatda ýurdumyzda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Maglumatlary ýygnamagyň döwrebap serişdesi bolan aragatnaşyk ulgamy barha ösýär. Şonuň üçin hem bu mümkinçiliklerden peýdalanmak we ylmy işleriň esasynda işleri guramak aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Döwletmyrat ALLANUROW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteniň dil öwreniş bölüminiň mugallymy.