Ene dilim — eziz dilim

28 Noýabr 2023
732

Dil akyl-paýhaslar hazynasy, ylymlaryň açary hasaplanýar. Diliň edep-terbiýe bermekdäki, bilim öwrenmekdäki, ylymly bolmakdaky çäksiz hyzmatyny ýaş nesliň aňyna ýetirmek dilçi mugallymlaryň borjy we baş wezipesidir. Milli diliň edep-terbiýe bermekdäki ähmiýetini, daşary ýurt dilleriniň ylym öwrenmekdäki ähmiýetini biziň her birimiz bilýäris. Şonuň üçin hem orta mekdeplerden başlap, dünýä dillerini çuňňur öwretmek usulyýetini kämilleşdirýäris, ene dilimize belent sarpany terbiýeleýäris.

Ýaş nesillere ene dilimize bolan belent sarpany terbiýelemekde nusgawy edebiýatyň hem-de halk döredijilik eserlerimiziň orny uludyr. Bu babatda geçilýän sapaklarda nakyllara aýratyn üns berýäris. Nakyllaryň okuwçylaryň aňyna ornaşmagy, sözleýşiniň baýlaşmagy asylly terbiýäniň gözbaşydyr. Ene dilimizi ýaşlara çuňňur öwretmek bilen, olaryň dil baýlygyny artdyrmaga mümkinçilik alýarys. Çünki dil pikirlenişiň, söz baýlygynyň, şeýle hem pikiriňi beýan etmegiň serişdesi bolup durýar. Munuň üçin ýaşlara dilimizi çuňňur öwredip, dürli kitaplary okamaklaryny gazanýarys. Esasan hem nusgawy edebiýatymyzyň hazynalaryny, dürli asyrlarda döredilen eserleri okamagy ündeýäris. Kitap okamak arkaly söz baýlyklaryny öwretmek mümkin bolýar. Şonuň netijesinde hem dilimiziň söz baýlygyna düşünýän nesiller ýetişýär. Şeýle kämil nesiller dürli ugurlarda hem giň dünýägaraýyşly hünärmenler bolup ýetişýärler.

Nurjemal TÖRÄÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 66-njy orta mekdebiň mugallymy.