Nesil hakda alada

1 Dekabr 2023
411

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly şanly wakalara, halkara maslahatlardyr forumlara, festiwallara hem-de sergilere baý bolup, türkmen ýaşlarynyň durmuşyny ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara besleýär. Bu ýylda ýaşlaryň gujur-gaýratyny, ukyp-başarnygyny görkezmegine has giň mümkinçilikler döredildi. Berkarar döwletimizde bagtyýar ýaşlarymyz döwrebap orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde çuňňur bilim-terbiýe alýarlar, hünär öwrenýärler. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda üstünlikli zähmet çekip, Garaşsyz Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Milli ykdysadyýetimize täze tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň yzygiderli ornaşdyrylýan wagtynda döwrebap pikirlenýän ýaşlaryň täzeçil başlangyçlaryna möhüm orun berilýär.

Hormatly Prezidentimiz ýakynda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýylyň ahyrynda ýaşlaryň dabaraly maslahatynyň we sergisiniň geçiriljekdigini aýdyp: «Bu dabarada ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň olimpiadalarynda, talyp ýaşlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, Diýarymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleriniň jemini jemläris» diýip belledi.

Jennet ALAWOWA,
Daşoguz şäherindäki 12-nji çagalar-bakja bagynyň müdiri.