Üstünlikli geçen synaglar

29 Noýabr 2023
364

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynda ýerine ýetirilmeli esasy çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, gullugymyzyň ähli serhet birikmelerinde we harby bölümlerinde harby gullukçylaryň bilim we başarnyk derejelerini kämilleşdirmek hem-de hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen ýylyň dowamynda geçirilen okuw sapaklarynyň jemi jemlenilip, synaglar kabul edildi. Harby gullukçylara serhet we umumygoşun taktikasy, syýasy-ynsanperwerlik hem-de beden taýýarlygy dersleri boýunça guralan okuw sapaklary serhetçileriň harby bilim derejeleriniň ýokarlanmagyna, hünär derejeleriniň kämilleşmegine özüniň oňaýly täsirlerini ýetirdi. Harby gullukçylar ady agzalan dersler boýunça synaglary üstünlikli tabşyryp, olarda has tapawutlananlaryň hünär derejeleri ýokarlandyryldy. Umumy okuw möwsüminiň jemi boýunça, şeýle-de Serhet goşunlarynyň gulluk-söweşjeň işleriniň netijelerine laýyklykda, gullugymyzyň serhet birikmeleriniň we harby bölümleriniň öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleriň abraý bilen hötdesinden gelýändiklerini görmek bolýar.

Maksat HOJAMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň harby gullukçysy, podpolkownik.