Okuw-tejribe sapaklary

29 Noýabr 2023
397

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň binagärlik, senagat we ýol gurluşygy ulgamlarynyň günsaýyn ösmegi netijesinde durmuş hem-de iri senagat maksatly döwrebap binalaryň, desgalaryň toplumlarynyň gurlup ulanmaga berilmegi bilen, olaryň tebigy hadysalara, adatdan daşary ýagdaýlara durnuklylygyny ýokarlandyrmak, şeýle ýagdaýlaryň döremeginiň öňüni almak hem-de raýat goranyşy çygrynda ýokary bilimli harby hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binýadynda döredilen Raýat goranyşy fakultetinde okuw-tejribe işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Şundan ugur alnyp, golaýda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň ýokary derejeli hünärmenleriniň we ýöriteleşdirilen harby tehnikalarynyň, şeýle hem gözleg-halas ediş toparynyň gatnaşmagynda institutyň binýadynda amaly-tejribe sapaklary guraldy.

Okuw sapaklarynyň dowamynda şäher halas ediş toparynyň serkerdesi, uly leýtenant Ahmet Ýazowyň we beýleki halas edijileriň adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň ýetiren zyýanlaryny ýok etmek boýunça güýçleri we serişdeleri döretmek, taýýarlamak we ulanmak üçin taýýar ýagdaýda saklamak hem-de ejir çekenlere kömek bermek babatynda çykyşlary has-da täsirli boldy. Ýerli halas ediş toparynyň kinology, borçnama boýunça harby gullukçy Daýanç Gurbanow gulluk itleriniň kömegi bilen tebigy we tehnogen häsiýetli hadysalarda gözleg-halas ediş we beýleki gaýragoýulmasyz işlerini alyp barmagyň düzgünleri, şeýle hem halas ediji, borçnama boýunça harby gullukçy Toýgun Rozyýew bölünip berlen tehniki enjamlaryň kömegi bilen, adatdan daşary ýagdaýlarda şahsy düzümiň halas ediş işlerini geçirmek, ejir çeken ilaty howpsuz ýere göçürmek babatynda geçirilýän işler dogrusynda gürrüň berdiler hem-de tejribe usuly bilen görkezdiler. Netijede, parahatçylyk we harby döwürde Raýat goranyşynyň harby bölümleriniň ýaýbaňlanmagy hem-de halas ediş we beýleki gaýragoýulmasyz işleri geçirmek üçin niýetlenen tehnikalary ulanmak, beýleki maddy-tehniki serişdeleri toplamak hem-de saklamak we öz wagtynda ulanyşa girizmek babatynda bu geçirilen okuw-tejribe sapaklary mugallymlarda we talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi.

Serdar ÇARYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň okuw bölüminiň uly hünärmeni, maýor.