Bilimli il ozar

29 Noýabr 2023
405

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz bilimleriň we ylymlaryň pajarlap ösýän mekany hökmünde giňden tanalýar. Berkarar Diýarymyzda ýaşlar syýasatynyň maksatlaryny we wezipelerini üstünlikli amala aşyrmak durmuşa ornaşdyrylýan düýpli özgertmeleriň esasy özenini düzýär. Ýaşlary ruhy-ahlak taýdan kämil, döwrebap terbiýeli edip ýetişdirmek wezipesi hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly: «Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, mertebesi hem-de beýik geljegidir». Şunuň bilen baglylykda, orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan, ylym we hünär öwrenýän, senagatda, oba hojalygynda we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda häzirki wagtda ýörite bilimli ýaşlarymyzyň müňlerçesi joşgunly zähmet çekýärler. Berkarar Diýarymyzyň beýik ösüşlerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Ýurdumyzda bu ugurda sanlyja ýyllarda bitirilen beýik işler ähli halkymyzy guwandyrýar. Ýurtda her ýyl ençeme döwrebap çagalar baglary, orta we ýörite orta, ýokary okuw mekdepleri, kitaphanalar gurulýar hem-de kämil tehniki enjamlar, kompýuterler, kitaplardyr gollanmalar bilen üpjün edilýär. Şu ýyl hem mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda, Bilimler we talyp ýaşlar gününde Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň açylmagy, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumlarynyň, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň çäginde goşmaça okuw binasynyň hem-de beýleki desgalaryň düýbüniň tutulmagy milli bilim ulgamynyň ösüşinde möhüm waka bolup, dünýä ýaň saldy. Şol gün Arkadag şäherinde täze döwrebap binalara, ýokary tehnologiýalara eýe bolan ençeme täze bilim edaralary işe başlady.

Alma GURBANGELDIÝEWA,
Gökdepe etrabynyň Muhammet Ataýew adyndaky 10-njy orta mekdebiň mugallymy.