Dil bilen dünýäni gezer

28 Noýabr 2023
849

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim has-da ösdürilýär, ýaşlaryň bilim öwrenmekleri, ylym bilen meşgullanmaklary, daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde hem daşary ýurt dillerini öwretmegiň dürli ugurlary, usullary ylmy esasda öwrenilýär. Bu döwrebap usullar dil öwretmegiň kämil ugry bolup, okuw işinde oňat ýardam berýär. Muny okuw tejribesinde hem aýdyň görmek bolýar.

Daşary ýurt dillerini öwretmekde lingafon otaglaryň, audio we wideo ýazgylaryň, janly gepleşigiň ähmiýetiniň uludygyny bellemeli. Şonuň üçin hem dil öwredilende sözleýşe, söz baýlyklarynyň özleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Dil öwrenýänleriň özleşdirmeli leksik we grammatik materiallaryň esasy bölegi sözler bilen baglydyr. Şeýle hem sözleri gepleşikde ulanmak, sözlemlerde beýan etmegi başarmak ýaly endikleri ösdürmelidir. Munuň üçin goşulmalaryň ulanylyşy barada morfologiýanyň düzgünleri öwredilýär. Şonuň ýaly-da, sözlemleri düzmek, habar sözleminiň dürs we ýazuw kadalary ýaşlara düşündirilýär. Ýaşlaryň sözleýiş endiklerini ösdürmekde habar sözlemleriniň üstünde işlemek mümkinçilikleri giňdir. Bu işde sözleýiş işjeňligini artdyrmak, dil öwrenýänleriň gyzyklanýan zatlaryna has köp üns bermek maslahat berilýär. Talyplaryň sözleýiş endiklerini ösdürmekde olarda lingwistik taýdan ygtybarly endikleri ýola goýmak, olaryň bilesigelijiliklerini, ýerine ýetirýän işleriniň, öwrenýän maglumatlarynyň asyl manysyna göz ýetirmek üçin şahsy isleglerini, psihologik aýratynlyklaryny kesgitlemek işiň netijesini has-da artdyrýar.

Nurmuhammet JAPAROW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.