Harby ugry nazarlaýan ylmy gözýetimler

29 Noýabr 2023
365

Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek arkaly, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleri giň dünýägaraýyşly, häzirki zaman ylmynyň hem-de tehnikasynyň gazananlaryny çuňňur özleşdirmek bilen, olary halk hojalygynda giňden peýdalanmagy başarýan, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň has gülläp ösmegi ugrunda mynasyp goşant goşjak nesilleri terbiýelemäge gönükdirilen tagallalar bimöçberdir. Munuň şeýledigine soňky ýyllarda ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler hem şaýatlyk edýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň köpüsinde aspiranturalar, doktoranturalar açyldy. Ylmyň ak ýoluna düşen raýatlarymyz dürli ugurlar boýunça ylmy-barlag hem gözleg işlerini dowam etdirmäge mümkinçilik aldylar.

Nurýagdy HAÝYDOW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyby.