Mekdebe çenli bilim edaralarynda terbiýeçilik işiniň ähmiýeti

28 Noýabr 2023
1110

Her bir adam özüniň beýlekilerden tapawutlydygyny indiwidual aýratynlyklarynyň üsti bilen ýüze çykarýar. Çaga terbiýesinde we bilim almagynda ýokary netijeliligini gazanmakda hem şol aýratynlyklar göz öňüne tutulmalydyr. Indiwidual çemeleşmegiň kömegi bilen biz her bir çaganyň «açaryny» tapmagy başararys. Indiwidual çemeleşme ilkinji nobatda, çaganyň oňyn taraplaryny kämilleşdirmäge we ýetmezçiliklerini ýeňip geçmäge gönükdirilendir. Çaganyň özüni alyp barşynda oňyn aýratynlyklary wagtynda ýüze çykarmagy başarmaklyk geljekde bilimli nesliň kemala gelmeginde zerur bolup durýar.

Indiwidual çemeleşme bilim berşiň işjeň, kemala getiriji, kämilleşdiriji esaslaryny we pedagogikanyň usullaryny öz içine alýar. Indiwidual çemeleşme döredijilikli häsiýete eýe bolup, ol çaga differensial çemeleşmekde esasydyr. Bu babatda käbir ýörelgelere eýermek bolar. Ýagny, çaga bilim bermek we oňa düşünmek, çaga söýgi bilen garamak, esasy bilim-düşünjeleri öwretmek, terbiýeçileriň çagany bahalandyrmak ukybynyň bolmagy ýaly ýörelgelere üns bermeli.

Merjen AWEZDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mekdebe çenli bilim bölüminiň baş hünärmeni.