Kitap — ruhy hazyna

29 Noýabr 2023
452

Golaýda Alym Arkadagymyzyň ajaýyp eserlerini raýatlarymyzyň, esasan hem, ýaşlarymyzyň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köýtendag etrap birleşmesiniň guramagynda etrapdaky merkezi kitaphanada söhbetdeşlik geçirildi. «Hormatly Arkadagymyzyň atalyk kitaplary — durmuş ýörelgämiz»  diýen at bilen geçirilen söhbetdeşlige bilim ulgamynyň işgärleri, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdy.

Bu ýerde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren ajaýyp eserleriniň ýaş nesillerimizi terbiýelemekde gymmatly gollanma bolýandygyny bellediler. Şeýle hem çykyşlarda  bu ajaýyp eserleriň her gatyna halkymyzyň geçmişi, şu güni hem-de aýdyň geljegi barada gymmatly maglumatlaryň ýerleşdirilendigi buýsanç bilen bellenildi.

Ýaraşjan KARJOWOW,
TKA-nyň Köýtendag etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.