Ýaş nesliň bilim binýady berkden tutulýar

25 Noýabr 2023
338

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işler täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Döwletiň, jemgyýetiň her bir babatdaky ösüşi bilimiň, ylmyň näderejede ösýändigine bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem her bir döwletde ylym-bilimiň ösmegi zerurdyr. Binanyň berkliginiň binýadyň mäkämligine baglydygy bize durmuş hakykatyndan mälimdir. Binýat näçe berk, oýlanyşykly goýulsa, gurýan ymaratymyz hem şonça gaýym hem ajaýyp bolar. Ýaş nesliň ylym-bilim binýadynyň berkden tutulmagy hem ýurduň geljekki ösüşiniň aýdyň kepilidir. Muňa mysal hökmünde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek üçin köp mümkinçilikleriň döredilýändigi aýdyp bileris.

Türkmen ýaşlaryna dünýä ülňülerine laýyk derejede ylym-bilim berilmegini üpjün etmek meselesi ýurdumyzda esasy wezipe bolup durýar. Biziň häzirki ýaşaýan döwrümizde ylym-bilim iň bir wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Ýokary bilimlilik we öz kesbiňde kämillik bolsa bu jemgyýetde öz ornuňy tapmak üçin girewdir. Şol sebäpli hem öz ukybyňa görä kämilleşmek häzirki zaman tehnologiýalaryndan habarly bolmak gerekdir. Ýaşlar bilen işlemekde bu serişdelerden has-da netijeli peýdalanmagyň, olaryň hünär taýýarlygyna aýratyn üns bermek aýratyn zerurdyr. Tehnologiýanyň islendik görnüşinden baş çykarmak bolsa häzirki döwrüň hökmany talaby bolmak bilen özboluşly çylşyrymly ulgamdyr.