"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bilimli nesil kemala gelýär

Häzirki döwürde sanly ykdysadyýet batly depginler bilen ösdürilýär. Ykdysadyýetiň mümkinçilikleri çäksizdir. Bu bolsa ykdysadyýetiň bäsleşige ukyplylygyny artdyrmaga we ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmaga şert döredýär. Bu babatda ýaş hünärmenlere we olaryň bilim derejesine ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň döwrebap bilimleri özleşdirmeklerine, sanly tehnologiýalardan baş çykarmaklaryna berilýän üns-aladalar çäksizdir. Döwrüň ösmegi, bazar ykdysady şertler hünärmenden köp ugurlardan baş çykarmagy talap edýär. Sanly ulgama oňat düşünýän, tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Görnüşi ýaly, tehniki ugurlarda, inženerçilikde hem sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti uludyr. Şonuň üçin hem inžener-programmist ýaly dürli ugurdaky hünärleriň has-da kämilleşdirilýändigini bellemek bolar. Ykdysadyýetiň ugurlary boýunça taýýarlanylýan hünärmenleriň zerurdygyny durmuşa geçirilýän işlerden hem görmek bolýar. Şu nukdaýnazardan, ýokary okuw mekdebimizde şeýle hünärmenleri taýýarlamaga üns berilýär, halypa professor-mugallymlaryň başarnygy bilen kämil nesil terbiýelenýär.

Taryh sapaklarynda asylly ýörelgeleri öwretmegiň usullary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli syýasatlaryndan ugur alyp, ýaş nesillerimize döwrebap bilim we terbiýe bermek mugallymlaryň öňünde esasy wezipe bolup durýar. Aýratyn hem, taryh mugallymlary okuwçylara watançylyk we milli ruhda terbiýe bermekde, olaryň aň-düşünjesini we dünýägaraýşyny kemala getirmekde hem-de artdyrmakda döredijilikli zähmet çekmelidir. Çünki geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň geçmiş baradaky garaýyşlaryny giňeldip, ýagty geljege bolan ynamlaryny berkidip, olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmakda taryh dersiniň ähmiýeti uludyr. Garaşsyzlyk — bu biziň bagtymyz, guwanjymyz, mukaddesligimiz. Bitaraplyk biziň çäksiz buýsanjymyzdyr. Ýurdumyzyň asuda durmuşynyň kepili hökmünde baky Bitaraplygymyzyň ähmiýeti uludyr. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi döwletimiziň daşary we içeri syýasatynyň özenidir, raýatlarymyzyň asuda durmuşynyň diregidir. Bitaraplygyň 28 ýylynyň içinde döwletimiz sebitde we dünýäde ählumumy howpsuzlygyň we parahatlygyň, durnukly ösüşiň hatyrasyna ençeme işi durmuşa geçirdi. Biziň ýurdumyzyň hemişe parahat ýaşaýşyny, bolçulygy üpjün etmekde, asuda ýaşaýşyny gorap saklamakda baky Bitaraplygyň ähmiýeti örän uly bolup durýar. Şu nukdaýnazardan hem ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty, onuň many-mazmuny, ýol-ýörelgeleri, jemgyýetçilik durmuşyndaky ähmiýeti dogrusynda d

Kämilligiň aýdyň nusgasy

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly türkmen ýaşlarynyň ylym-bilim, tehnologiýalar we inženerçilik çözgütleri babatda gazanan uly üstünliklerine beslenen ýyllaryň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda ylym-bilim ulgamyny döwrebap ösdürmek, ýokary taýýarlykly hünärmenleri kemala getirmek we ýaşlary ählitaraplaýyn goldamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurduň geljegi, onuň ykdysady ösüşleri tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň hem-de häzirki zaman inženerçilik başlangyçlarynyň derejesi bilen baglanyşyklydyr. Ykdysadyýetiň pudaklaryna ýokary tehnologiýalar boýunça açyşlardyr täzelikleriň ornaşdyrylmagy, ýaşlaryň ylym-bilim taýýarlygyna aýratyn üns berilmegi bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmaga, önümçiligiň ösdürilmegine oňaýly täsir edýär. Netijede, ylmy-tehniki ösüş ýurduň umumy ykdysady kuwwatyny artdyrmaga we durnukly ösüşini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Ylmyň we tehnikanyň özara baglanyşygy häzirki wagtda Türkmenistanda innowasion ykdysadyýeti, adam maýasyny ösdürmäge, ýurduň tehnologik, ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde bu ugurda netijeli işler durmuşa geçirilip, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gazanylan üstünlikler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Iňlis dili boýunça guralan bäsleşik

Hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen kämil nesli terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işleriň netijesinde giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, sagdyn, ruhubelent, döredijilikli zähmete ukyply ýaşlar kemala gelýär. Ýurdumyzda ylmy we bilimi ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler ýaşlara aýratyn hyjuw, joşgun bilen okamaga ýardam berýär. Olaryň parahatçylygyň mekany bolan ata Watanymyzyň şan-şöhratyny artdyrmaga mynasyp goşant goşmagyna giň ýol açýar. Ýakynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli umumybilim berýän orta mekdepleriň 9 — 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Türkmenistan — dost-doganlyk mekany» diýen temada iňlis dilinde düzme (esse) ýazmak boýunça bäsleşik geçirildi.

Dil — ruhy hazyna

Dil adamzat aragatnaşygynyň serişdesi bolup, ynsanlaryň durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Şonuň üçin hem islendik adama ene dilini has çuňňur bilmek zerurlygy ýüze çykýar. Her bir ynsanyň ene dilinden başga-da, birnäçe dili öwrenmäge ukyby bar. Görşümiz ýaly, dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary-da dilden başlanýar. Daşary ýurt dilleriniň öwrenilmegi ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ösüşlerini dünýä ýüzüne ýaýmakda, halklaryň ruhy we medeni gymmatlyklary bilen tanyşmakda möhüm orun eýeleýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlaryň bilim öwrenmeklerine, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesliň döwrebap bilim almagynda, gözýetimini giňeltmekde, zehinini ýüze çykarmakda, köp dil öwrenmekde ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilýändigi ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Dünýä halklarynyň dillerini öwrenmek arkaly şol halkyň medeniýetine, taryhyna, dessurlaryna içgin aralaşyp bolýar. Ýurdumyzyň ykdysady taýdan kuwwatlanmagy dünýä giňişligine goşulyşmagyny, bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegini talap edýär. Häzirki ählumumy dünýä ykdysadyýeti şertlerinde, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmegi netijesinde ähli hünärmenleriň daşary ýurt dilini öwrenmegi ösen döwrüň talaplarynyň biri bolup durýar. Bu bolsa daşary

Bilim we tejribe — döwrebap ösüşiň kepili

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldaw-hemaýatlary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamy yzygiderli ösüşlere eýe bolmak bilen, täze derejä çykýar. Milli bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri hökmünde häsiýetlendirilýär. Üstümizdäki ýylda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň, Arkadag şäherinde bilim-terbiýeçilik edaralarynyň birnäçesiniň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň durmuşynda şanly wakalar boldy. Paýtagtymyzda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabatda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň, Mary şäherinde Döwlet energetika institutynyň goşmaça binalarynyň gurluşygyna badalga berilmegi-de aýdylanlara şaýatlyk edýär.

Teoriýadan — tejribä, pikirden — herekete

Teoriýa we tejribe. Bu iki düşünje durmuşda uly orun eýeleýär. Islendik ýaşdaky, islendik hünär bilen gyzyklanýan adamyň başarnyklary şu düşünjeler bilen kesgitlenýär. Diýmek, teoriýa — ideýa, tejribe — hereket. Şu nukdaýnazardan, 2013-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen halkaraçy hünärmenleri daşary ýurtlara tejribelige ugratmak ýola goýuldy. Şeýlelikde, 2014-nji ýylda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň 5-nji ýyl talyplarynyň ençemesi ilkinji gezek Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda önümçilik tejribeliginde boldular. Biz hem ýakynda daşary ýurtlarda 12 hepdelik önümçilik tejribeligini geçip gelen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary bilen söhbetdeş bolanymyzda, nazaryýet bilen amalyýetiň kämillige täsir edişi hakda oýlandyk. Olaryň gürrüňlerini ýazga geçirip, okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Daşary ýurt dillerini öwrenmek – kämilligiň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bilim we ylym ulgamynda düýpli özgerişlikler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda okatmagyň iň kämil usullary, döwrebap ugurlary durmuşa geçirilýär, sanly ulgamyň mümkinçilikleri ornaşdyrylýar. Şonuň üçin hem sapakda kompýuter enjamlary, multimedia tehnologiýalary giňden peýdalanylýar. Munuň özi usulyýetiň döwrebap görnüşi bolmak bilen bir hatarda, okuwçylaryň bilime bolan gyzyklanmasyny artdyrýar. Netijede, okuwçylar bilimleri tiz özleşdirip guralýan sapaklara oňat düşünýärler. Daşary ýurt dilleri okadylanda okuwçylaryň gyzyklanmasyny artdyrmak, olaryň iňlis diline bolan söz baýlygyny gazanmak mugallymlaryň baş maksadydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim has-da ösdürilýär, ýaşlaryň bilim öwrenmekleri, ylym bilen meşgullanmaklary, daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde hem daşary ýurt dillerini öwretmegiň dürli ugurlary, usullary ylmy esasda öwrenilýär. Bu döwrebap usullar dil öwretmegiň kämil ugry bolup, okuw işinde oňat ýardam berýär. Muny okuw tejribesinde hem aýdyň görmek bolýar.

Moskwadan medally dolandylar

29-njy noýabr — 3-nji dekabr aralygynda Moskwa şäherinde Russiýanyň Halklaryň dostlugy uniwersiteti tarapyndan geçirilen halkara matematika olimpiadasyna («RUDN MathOlymp») türkmen talyplary hem gatnaşyp, ýurdumyza medallar bilen dolandylar. 1 — 4-nji ýyl talyplaryň arasynda şahsy we toparlaýyn görnüşde geçirilen olimpiada Russiýa, Hytaý, Azerbaýjan, Alžir, Belarus, Beýik Britaniýa, Sloweniýa, Täjigistan, Özbegistan, Fransiýa, Türkmenistan ýaly döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň 30-a golaýyndan talyplaryň 120-den gowragy gatnaşdy. Onda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 6-synyň talyplary wekilçilik etdiler. Öz ýokary okuw mekdebiniň ýaş matematikler toparyna ýolbaşçylyk eden Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematiki analiz kafedrasynyň mugallymy Agaserdar Ýollyýew bäsleşigiň eminler toparynyň hatarynda hem orun aldy.

Talyplaryň täze üstünligi

Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara bäsleşigi geçirildi. Oňa dünýäniň 11 döwletinden talyplaryň 360-sy gatnaşdy. Olar matematika dersinden amallary ýerine ýetirmekde öz ukyp-başarnyklaryny ýüze çykardylar. Bäsleşige biziň ýurdumyzdan talyplaryň 26-sy gatnaşyp, olaryň 20-si baýrakly orunlara mynasyp boldy. Şolaryň arasynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplarynyň bardygy aýratyn bellärliklidir. Halkara bäsleşiginde institutyň matematika we informatika fakultetiniň talyby Gurtgeldi Hanow kümüş, şol fakultetiň talyplary Melike Jumaýewa, Ýazguly Aşyrow dagy bolsa bürünç medallara mynasyp boldular.

“Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýasy” durmuşa geçirilýär

Ýurdumyzyň dil syýasatynda ýaş nesliň dünýä dillerini bilmegi göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda ýaşlar mekdebe çenli çagalar edaralarynda, umumy orta bilim berýän mekdeplerde hem-de ýokary okuw mekdeplerinde ene dilimiz bilen bir hatarda ondan gowrak daşary ýurt dilini öwrenýärler. Agzalan bilim edaralarynda daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin ähli şertler döredilendir. Okuw otaglary dilleri öwrenmek üçin häzirki zaman bilim tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylan. Mekdeplerimiz hem öz gezeginde daşary ýurt dilleri boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýän okuw kitaplarydyr gollanmalar bilen üpjün edilen. Ýurdumyzda hereket edýän “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” bolsa bu babatda ýurdumyzyň bilim edaralary hem-de işgärleri üçin esasy ýörelge bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlaryň öňünde goýulýan ilkinji wezipe onuň sapakda guramaçy hökmünde çykyş etmegidir. Beýle diýildigi, mysal üçin, iňlis dili dersi boýunça ilkinji düşünjeleri okuwçylara öwretmek we olaryň ünsüni çekmek, sapakda ýadamazlygyny gazanmak möhümdir. Esasan hem, mugallym başlangyç synplarda iňlis dili sapaklaryny guramakda görkezme esbaplaryndan, oýunlardan ýerlikli peýdalanmak üçin irginsiz gözlegde bolmalydyr. Çünki mugallym okuwçynyň ýerine ýetirmeli wezipelerini, has takygy, olaryň täz

Bilim ulgamy halkara derejesinde

Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan döwletli ýörelgeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň baş maksady halkyň eşretli durmuşda ýaşamagyny gazanmaklyga gönükdirilýär. Bu asylly maksada ýetmekde jemgyýetiň ruhy durmuşynyň täze many-mazmuna eýe bolmagyna, munuň üçin bolsa ylym-bilim ulgamlarynda düýpli özgertmeleriň geçirilmegine uly orun degişlidir. Häzirki wagtda ylym-bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmeklige döwlet tarapyndan yzygiderli üns berilmek bilen, giň gözýetimli, täzeçe pikirlenmegi başarýan, döwrüň ösen talaplaryna düşünýän, innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşup bilýän ýaşlary terbiýelemek möhüm wezipe bolup durýar. Hut şol sebäpli Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamy durmuş-ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berýän, jemgyýeti ösdürýän dörediji güýç hökmünde uly alada bilen gurşalyp alynýar. Hormatly Prezidentimiz bu ulgamyň mundan beýläk-de ösmegine, ýurduň intellektual kuwwatynyň ýokarlanmagyna aýratyn üns berýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda penşenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň ýokary hünär bilimi edaralarynyň 9-synyň Halkara uniwersitetler bileleşiginiň agzasy bolup durýandygy barada aýdylanlar Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda biziň baýramçylyk ruhu

Abadançylygyň ýaş waspçylary

Düýn Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4 — 11-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýaýbaňlanan dabara mekdep okuwçylary, degişli ulgamlaryň işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bäsleşigiň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli watançylyk, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda hem-de milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekden, ýaşlaryň tebigy zehinini ýüze çykarmakdan, döredijilik ukybyny ösdürmekden, olaryň arasynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmekden, çagalaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza egsilmez buýsanjyny aýan etmekden ybarat boldy.

Okuw sapaklary guraldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy has-da rowaçlandyrmak, bu babatda ylymly-bilimli, giň gözýetimli, kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Çagalar baglaryndan başlap, umumybilim berýän orta mekdepleriň we ýokary okuw jaýlarynyň häzirki zaman okuw esbaplary, dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion tehnologiýalar bilen doly üpjün edilmegi, şonuň ýaly-da ýaşlara hünär öwredilişiniň barha kämilleşdirilmegi bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini alamatlandyrýar. Täze ýokary okuw jaýlarynyň we orta mekdepleriň ençemesiniň açylmagy, öňden hereket edýän okuw jaýlarynda bolsa öwredilýän hünärleriň sanynyň yzygiderli artdyrylmagy, berilýän umumy, amaly we beýleki görnüşdäki okuw sapaklarynyň, tejribelikleriň täze maksatnamalar esasynda guralmagy ýaş nesilleriň döwrüň talaplaryna görä, hünär bilimlerini ele almaklaryna mümkinçilik berýär.

Nesil kämilligi – Watan berkararlygy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim-terbiýe almagy, ylmy-döredijilik işleri bilen meşgullanmagy, beden taýdan sagdyn ösmegi, giň gözýetimli, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilendir. Çünki mähriban Watanymyzyň gülläp ösüşi, durmuşymyzyň mundan beýläk hem gözelleşmegi bilimli, ylymly, ukyply we zehinli ýaş nesillere bagly bolup durýar. Munuň üçin bolsa, ähli bilim edaralarynda ýokary hünär taýýarlykly mugallymlaryň wajyplygy ýüze çykýar. Ýurdumyzda mugallymçylyk käriniň at-abraýyny we mertebesini hemişe belende götermek, şol bir wagtda-da, mugallymlaryň öz hünär ussatlygyny we bilim derejesini ýokarlandyrmak esasy wezipeleriň we borçlaryň biridir. Ösen intellektual jemgyýeti kemala getirmekde, talyp ýaşlary hünäre ugrukdyrmakda, olaryň öz işine ökde, sowatly, tehnologik ulgama girişmäge, ylmy-tehniki ösüşleri aňly-düşünjeli kabul etmäge ukyply şahsyýetler bolup ýetişmeginde esasy orun bilim edaralaryna degişli bolup galýar. Diýarymyzda ýokary okuw mekdepleriniň işiniň düýpgöter üýtgedilip guralmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we ruhy intellektual ösüşini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri hasaplanylýar. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen «Berkarar döwletiň

Sanly bilim ulgamy — ösüşleriň badalgasy

Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek ýurdumyzda döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwletimizde ulgamy döwrebaplaşdyrmakda, täze innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly sanly bilime geçmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da, bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, bilim bermegiň usullaryny has-da ösdürmek maksady bilen, ulgamy halkara ülňülere laýyklykda sanlylaşdyrmak işleriniň alnyp barylmagy netijesinde uly üstün-likler gazanylýar. Şu maksat bilen ýörite bilim portallary döredilip, raýatlaryň sanly ulgamdan peýdalanmaklaryna giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi häzirki döwürde sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň döwletimiz tarapyndan işjeň peýdalanylýandygyna şaýatlyk edýär.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Yhlas myrada ýetirýär Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller aýratyn alada bilen gurşalýar. Ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin bilim ulgamynyň işgärleri önjeýli zähmet çekýärler. Şeýle mugallymlaryň biri hem Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäherinde ýerleşýän 25-nji orta mekdepde indi biregne 30 ýyllap ýaş nesle bilim we terbiýe berip gelýän, 1-nji derejeli matematika-informatika mugallymy Melewşe Töräýewadyr. M. Töräýewa Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutyny 1993-nji ýylda üstünlikli tamamlady. Ýaş mugallymyň kärine bolan söýgüsi, geçen zähmet ýoly taplap, ony halypalyk derejesine ýetirdi. Häzirki wagtda köpler onuň özüne “Halypa” diýip ýüzlenýär. Olardan Bahar Akyýewa, Mähri Nepesowa, Gurbanaý Çaryýewa, Begmyrat Begmyradow dagyny atlandyrmak bolar.

Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini öwrenmekde giň mümkinçilikler döredilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdary bilen öňe sary ädimläp, döwletli döwrany gurýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesi ýurduň ýaş nesliniň daşary ýurt dillerine sowatlylygy bilen hem baglydyr. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga we netijeliligini artdyrmaga aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda daşary ýurt dillerini okatmagyň netijeleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi üçin “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” kabul edildi. Bu Konsepsiýada göz öňünde tutulan çäreleriň hatarynda diňe bir öz milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Hut şunuň özi hem hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawyny döretmek boýunça alyp barýan döwletli syýasatynyň aýdyň görkezijisidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz uly üstünliklere beslenýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ylym-bilim babatda gazanylýan üstünlikler biziň her birimizi begendirýär, buýsandyrýar. Häzirki wagtda

Ýurdumyzyň bilim ulgamyna dünýä tejribesi hem-de milli ýörelgeler giňden ornaşdyrylýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen, ýurdumyzda ýaş nesli hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek babatda ähli mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilimli, ýokary aňly, düşünjeli, giň dünýägaraýyşly ýaşlar kemala gelýär. Olaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim almagy üçin milli bilim ulgamynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan bilim syýasaty Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sanly bilim ulgamyny ösdürmek syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge, sanly serişdeleri peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga we okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge ýardam bermegi maksat edinýär. Döwrüň öňe sürýän talaplaryna laýyklykda sanly bilim konsepsiýasy häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme döredýän meseleleriň biridir. Dünýäniň globallaşýan döwründe bilim ulgamy hem tehnologiýanyň ösüşleri bilen aýakdaş galkynýar. Islendik döwletiň, jemgyýetiň ösüşi kämil ylym-bilim ulgamyny döretmek bilen berk baglanyşyklydyr. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň bilim ulgamynda hem dünýä tejribesine we milli ýörelgelerimize laýyklykda ägirt uly özgertmeler amala aşyrylýar, belent sepgitlere ýet

Hünär taýýarlygynda ulgamlaýyn işler

Dün­ýä ýü­zün­de gün­sa­ýyn öz­ger­ýän yl­myň, bi­li­miň, teh­no­lo­gi­ýa­nyň ýe­ten de­re­je­si­ni öz­leş­dir­mek, ony mil­li tej­ri­be­de dur­mu­şa ge­çir­mek soň­ky ýyl­la­ryň iň mö­hüm ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da öňe çyk­dy. Şo­ňa gö­rä-de, ýur­du­myz­da bi­lim eda­ra­la­ry­nyň işi­ni kä­mil­leş­di­rip, ul­gam­la­ýyn alyp bar­mak, okuw me­ýil­na­ma­la­ry­ny, ki­tap­la­ry­ny ösen hal­ka­ra tej­ri­be­le­re la­ýyk­lyk­da döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler ge­çi­ril­ýär. Ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň 2025-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin döw­let mak­sat­na­ma­sy esa­syn­da ta­ry­hy­my­zy, me­de­ni­ýe­ti­mi­zi hem-de däp-des­sur­la­ry­my­zy oňat bil­ýän, ola­ra ba­ha ber­me­gi ba­şar­ýan şah­sy­ýet­le­ri ke­ma­la ge­tir­mek ba­bat­da-da giň ge­rim­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Ýaş­la­ryň dur­muş-yk­dy­sa­dy we sy­ýa­sy hu­kuk­la­ry­ny ke­pil­len­dir­ýän «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi ka­bul edil­di. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň 2023-nji ýy­lyň 31-nji okt­ýab­ryn­da ge­çi­ri­len mej­li­sin­de bi­lim ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek ba­ra­da be­ren tab­şy­ryk­la­ry­na esas­la­nyp, Döw­let çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­syn­da de­giş­li u