Talyplaryň täze üstünligi

7 Dekabr 2023
580

Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara bäsleşigi geçirildi. Oňa dünýäniň 11 döwletinden talyplaryň 360-sy gatnaşdy. Olar matematika dersinden amallary ýerine ýetirmekde öz ukyp-başarnyklaryny ýüze çykardylar. Bäsleşige biziň ýurdumyzdan talyplaryň 26-sy gatnaşyp, olaryň 20-si baýrakly orunlara mynasyp boldy. Şolaryň arasynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplarynyň bardygy aýratyn bellärliklidir. Halkara bäsleşiginde institutyň matematika we informatika fakultetiniň talyby Gurtgeldi Hanow kümüş, şol fakultetiň talyplary Melike Jumaýewa, Ýazguly Aşyrow dagy bolsa bürünç medallara mynasyp boldular.