Nesil kämilligi – Watan berkararlygy

6 Dekabr 2023
420

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim-terbiýe almagy, ylmy-döredijilik işleri bilen meşgullanmagy, beden taýdan sagdyn ösmegi, giň gözýetimli, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilendir. Çünki mähriban Watanymyzyň gülläp ösüşi, durmuşymyzyň mundan beýläk hem gözelleşmegi bilimli, ylymly, ukyply we zehinli ýaş nesillere bagly bolup durýar. Munuň üçin bolsa, ähli bilim edaralarynda ýokary hünär taýýarlykly mugallymlaryň wajyplygy ýüze çykýar. Ýurdumyzda mugallymçylyk käriniň at-abraýyny we mertebesini hemişe belende götermek, şol bir wagtda-da, mugallymlaryň öz hünär ussatlygyny we bilim derejesini ýokarlandyrmak esasy wezipeleriň we borçlaryň biridir.

Ösen intellektual jemgyýeti kemala getirmekde, talyp ýaşlary hünäre ugrukdyrmakda, olaryň öz işine ökde, sowatly, tehnologik ulgama girişmäge, ylmy-tehniki ösüşleri aňly-düşünjeli kabul etmäge ukyply şahsyýetler bolup ýetişmeginde esasy orun bilim edaralaryna degişli bolup galýar. Diýarymyzda ýokary okuw mekdepleriniň işiniň düýpgöter üýtgedilip guralmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we ruhy intellektual ösüşini ýokarlandyrmagyň esasy şertleriniň biri hasaplanylýar. Şu nukdaýnazardan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» esasynda geçirilýän düýpli özgertmeleriň berk binýadynyň, ilkinji nobatda, ylma we jemgyýetimiziň bilim mümkinçiliklerine bagly bolup durýandygyny bellemek zerurdyr. Has takygy, bilimiň Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyrýan, ony ösüşlerden-ösüşlere besleýän güýçdügine şek-şübhe ýokdur.

Nurýagdy AKMÄMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň dekanynyň orunbasary, podpolkownik.