Abadançylygyň ýaş waspçylary

7 Dekabr 2023
550

Düýn Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4 — 11-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» ady bilen yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýaýbaňlanan dabara mekdep okuwçylary, degişli ulgamlaryň işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bäsleşigiň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli watançylyk, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda hem-de milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekden, ýaşlaryň tebigy zehinini ýüze çykarmakdan, döredijilik ukybyny ösdürmekden, olaryň arasynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmekden, çagalaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza egsilmez buýsanjyny aýan etmekden ybarat boldy.

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.