Sanly bilim ulgamy — ösüşleriň badalgasy

6 Dekabr 2023
584

Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek ýurdumyzda döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwletimizde ulgamy döwrebaplaşdyrmakda, täze innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak arkaly sanly bilime geçmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Mundan başga-da, bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar.

Bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek, bilim bermegiň usullaryny has-da ösdürmek maksady bilen, ulgamy halkara ülňülere laýyklykda sanlylaşdyrmak işleriniň alnyp barylmagy netijesinde uly üstün-likler gazanylýar. Şu maksat bilen ýörite bilim portallary döredilip, raýatlaryň sanly ulgamdan peýdalanmaklaryna giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi häzirki döwürde sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň döwletimiz tarapyndan işjeň peýdalanylýandygyna şaýatlyk edýär.

Aýjahan ITALMAZOWA,
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby.