Okuw sapaklary guraldy

6 Dekabr 2023
736

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy has-da rowaçlandyrmak, bu babatda ylymly-bilimli, giň gözýetimli, kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Çagalar baglaryndan başlap, umumybilim berýän orta mekdepleriň we ýokary okuw jaýlarynyň häzirki zaman okuw esbaplary, dünýä ülňülerine laýyk gelýän innowasion tehnologiýalar bilen doly üpjün edilmegi, şonuň ýaly-da ýaşlara hünär öwredilişiniň barha kämilleşdirilmegi bu ugurda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini alamatlandyrýar.

Täze ýokary okuw jaýlarynyň we orta mekdepleriň ençemesiniň açylmagy, öňden hereket edýän okuw jaýlarynda bolsa öwredilýän hünärleriň sanynyň yzygiderli artdyrylmagy, berilýän umumy, amaly we beýleki görnüşdäki okuw sapaklarynyň, tejribelikleriň täze maksatnamalar esasynda guralmagy ýaş nesilleriň döwrüň talaplaryna görä, hünär bilimlerini ele almaklaryna mümkinçilik berýär.

Orazmyrat ÇANDYROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.