Bilimli nesil kemala gelýär

10 Dekabr 2023
681

Häzirki döwürde sanly ykdysadyýet batly depginler bilen ösdürilýär. Ykdysadyýetiň mümkinçilikleri çäksizdir. Bu bolsa ykdysadyýetiň bäsleşige ukyplylygyny artdyrmaga we ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmaga şert döredýär. Bu babatda ýaş hünärmenlere we olaryň bilim derejesine ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň döwrebap bilimleri özleşdirmeklerine, sanly tehnologiýalardan baş çykarmaklaryna berilýän üns-aladalar çäksizdir.

Döwrüň ösmegi, bazar ykdysady şertler hünärmenden köp ugurlardan baş çykarmagy talap edýär. Sanly ulgama oňat düşünýän, tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Görnüşi ýaly, tehniki ugurlarda, inženerçilikde hem sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti uludyr. Şonuň üçin hem inžener-programmist ýaly dürli ugurdaky hünärleriň has-da kämilleşdirilýändigini bellemek bolar. Ykdysadyýetiň ugurlary boýunça taýýarlanylýan hünärmenleriň zerurdygyny durmuşa geçirilýän işlerden hem görmek bolýar. Şu nukdaýnazardan, ýokary okuw mekdebimizde şeýle hünärmenleri taýýarlamaga üns berilýär, halypa professor-mugallymlaryň başarnygy bilen kämil nesil terbiýelenýär.

Ogulgerek BERDIMYRADOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň nebit-gaz ojaklaryny özleşdirmek kafedrasynyň müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty.