Daşary ýurt dillerini öwrenmek – kämilligiň binýady

8 Dekabr 2023
346

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bilim we ylym ulgamynda düýpli özgerişlikler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda okatmagyň iň kämil usullary, döwrebap ugurlary durmuşa geçirilýär, sanly ulgamyň mümkinçilikleri ornaşdyrylýar. Şonuň üçin hem sapakda kompýuter enjamlary, multimedia tehnologiýalary giňden peýdalanylýar. Munuň özi usulyýetiň döwrebap görnüşi bolmak bilen bir hatarda, okuwçylaryň bilime bolan gyzyklanmasyny artdyrýar. Netijede, okuwçylar bilimleri tiz özleşdirip guralýan sapaklara oňat düşünýärler. Daşary ýurt dilleri okadylanda okuwçylaryň gyzyklanmasyny artdyrmak, olaryň iňlis diline bolan söz baýlygyny gazanmak mugallymlaryň baş maksadydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim has-da ösdürilýär, ýaşlaryň bilim öwrenmekleri, ylym bilen meşgullanmaklary, daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde hem daşary ýurt dillerini öwretmegiň dürli ugurlary, usullary ylmy esasda öwrenilýär. Bu döwrebap usullar dil öwretmegiň kämil ugry bolup, okuw işinde oňat ýardam berýär. Muny okuw tejribesinde hem aýdyň görmek bolýar.