Taryh sapaklarynda asylly ýörelgeleri öwretmegiň usullary

10 Dekabr 2023
600

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli syýasatlaryndan ugur alyp, ýaş nesillerimize döwrebap bilim we terbiýe bermek mugallymlaryň öňünde esasy wezipe bolup durýar. Aýratyn hem, taryh mugallymlary okuwçylara watançylyk we milli ruhda terbiýe bermekde, olaryň aň-düşünjesini we dünýägaraýşyny kemala getirmekde hem-de artdyrmakda döredijilikli zähmet çekmelidir. Çünki geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň geçmiş baradaky garaýyşlaryny giňeldip, ýagty geljege bolan ynamlaryny berkidip, olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmakda taryh dersiniň ähmiýeti uludyr.

Garaşsyzlyk — bu biziň bagtymyz, guwanjymyz, mukaddesligimiz. Bitaraplyk biziň çäksiz buýsanjymyzdyr. Ýurdumyzyň asuda durmuşynyň kepili hökmünde baky Bitaraplygymyzyň ähmiýeti uludyr. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi döwletimiziň daşary we içeri syýasatynyň özenidir, raýatlarymyzyň asuda durmuşynyň diregidir. Bitaraplygyň 28 ýylynyň içinde döwletimiz sebitde we dünýäde ählumumy howpsuzlygyň we parahatlygyň, durnukly ösüşiň hatyrasyna ençeme işi durmuşa geçirdi. Biziň ýurdumyzyň hemişe parahat ýaşaýşyny, bolçulygy üpjün etmekde, asuda ýaşaýşyny gorap saklamakda baky Bitaraplygyň ähmiýeti örän uly bolup durýar. Şu nukdaýnazardan hem ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty, onuň many-mazmuny, ýol-ýörelgeleri, jemgyýetçilik durmuşyndaky ähmiýeti dogrusynda diňe bir taryh däl-de, beýleki okuw sapaklarynda, synpdan daşary çärelerde hem okuwçylara yzygiderli öwretmelidiris. Islendik okuw sapagynyň guramaçylyk döwründe mugallym okuwçylaryň sapaga gatnaşygy, nobatçynyň hasabaty bellik edilenden soňra, syýasy pursatlarda ýurdumyzyň durmuşyndaky täzelikleri, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri, şol bir wagtda Garaşsyzlygyň, baky Bitaraplygyň taryhy ähmiýeti barada gerekli maglumatlary bermelidir. Sapagyň täze temany düşündirmek, geçilen temany berkitmek ýaly pursatlarynda hem geçilýän temalar bilen Bitaraplyk syýasaty bilen baglanyşykly ýumuşlar tabşyrylsa has maksadalaýyk bolar. Sapagyň dowamynda berilýän islendik maglumat geçilýän temalar bilen hökman baglanyşykly bolmalydyr. Diňe bir Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty baradaky temalarda däl-de, eýsem, beýleki temalarda hem Bitaraplyk baradaky düşünjäni giňeldip bermelidiris.

Gyrmyzy MAŞADOWA,
Türkmenbaşy şäherindäki takyk ugurlara ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiň ýokary derejeli taryh mugallymy.