Hünär taýýarlygynda ulgamlaýyn işler

6 Dekabr 2023
415

Dün­ýä ýü­zün­de gün­sa­ýyn öz­ger­ýän yl­myň, bi­li­miň, teh­no­lo­gi­ýa­nyň ýe­ten de­re­je­si­ni öz­leş­dir­mek, ony mil­li tej­ri­be­de dur­mu­şa ge­çir­mek soň­ky ýyl­la­ryň iň mö­hüm ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da öňe çyk­dy. Şo­ňa gö­rä-de, ýur­du­myz­da bi­lim eda­ra­la­ry­nyň işi­ni kä­mil­leş­di­rip, ul­gam­la­ýyn alyp bar­mak, okuw me­ýil­na­ma­la­ry­ny, ki­tap­la­ry­ny ösen hal­ka­ra tej­ri­be­le­re la­ýyk­lyk­da döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­ler ge­çi­ril­ýär. Ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň 2025-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin döw­let mak­sat­na­ma­sy esa­syn­da ta­ry­hy­my­zy, me­de­ni­ýe­ti­mi­zi hem-de däp-des­sur­la­ry­my­zy oňat bil­ýän, ola­ra ba­ha ber­me­gi ba­şar­ýan şah­sy­ýet­le­ri ke­ma­la ge­tir­mek ba­bat­da-da giň ge­rim­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Ýaş­la­ryň dur­muş-yk­dy­sa­dy we sy­ýa­sy hu­kuk­la­ry­ny ke­pil­len­dir­ýän «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi ka­bul edil­di. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň 2023-nji ýy­lyň 31-nji okt­ýab­ryn­da ge­çi­ri­len mej­li­sin­de bi­lim ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek ba­ra­da be­ren tab­şy­ryk­la­ry­na esas­la­nyp, Döw­let çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­syn­da de­giş­li ugur­lar bo­ýun­ça ýaş hü­när­men­le­riň taý­ýar­ly­gy yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ýar.

Ahat­my­rat NUW­WA­ÝEW,
Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let çe­per­çi­lik aka­de­mi­ýa­sy­nyň rek­to­ry, sun­ga­ty öw­re­niş ylym­la­ry­nyň dok­to­ry.