Moskwadan medally dolandylar

8 Dekabr 2023
509

29-njy noýabr — 3-nji dekabr aralygynda Moskwa şäherinde Russiýanyň Halklaryň dostlugy uniwersiteti tarapyndan geçirilen halkara matematika olimpiadasyna («RUDN MathOlymp») türkmen talyplary hem gatnaşyp, ýurdumyza medallar bilen dolandylar.

1 — 4-nji ýyl talyplaryň arasynda şahsy we toparlaýyn görnüşde geçirilen olimpiada Russiýa, Hytaý, Azerbaýjan, Alžir, Belarus, Beýik Britaniýa, Sloweniýa, Täjigistan, Özbegistan, Fransiýa, Türkmenistan ýaly döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň 30-a golaýyndan talyplaryň 120-den gowragy gatnaşdy. Onda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 6-synyň talyplary wekilçilik etdiler. Öz ýokary okuw mekdebiniň ýaş matematikler toparyna ýolbaşçylyk eden Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematiki analiz kafedrasynyň mugallymy Agaserdar Ýollyýew bäsleşigiň eminler toparynyň hatarynda hem orun aldy.

Toýly MUHAMMETDURDYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.