Kämilligiň aýdyň nusgasy

10 Dekabr 2023
606

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly türkmen ýaşlarynyň ylym-bilim, tehnologiýalar we inženerçilik çözgütleri babatda gazanan uly üstünliklerine beslenen ýyllaryň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda ylym-bilim ulgamyny döwrebap ösdürmek, ýokary taýýarlykly hünärmenleri kemala getirmek we ýaşlary ählitaraplaýyn goldamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurduň geljegi, onuň ykdysady ösüşleri tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň hem-de häzirki zaman inženerçilik başlangyçlarynyň derejesi bilen baglanyşyklydyr.

Ykdysadyýetiň pudaklaryna ýokary tehnologiýalar boýunça açyşlardyr täzelikleriň ornaşdyrylmagy, ýaşlaryň ylym-bilim taýýarlygyna aýratyn üns berilmegi bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmaga, önümçiligiň ösdürilmegine oňaýly täsir edýär. Netijede, ylmy-tehniki ösüş ýurduň umumy ykdysady kuwwatyny artdyrmaga we durnukly ösüşini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Ylmyň we tehnikanyň özara baglanyşygy häzirki wagtda Türkmenistanda innowasion ykdysadyýeti, adam maýasyny ösdürmäge, ýurduň tehnologik, ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde bu ugurda netijeli işler durmuşa geçirilip, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda gazanylan üstünlikler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hojamyrat IŞANKULYÝEW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ylym bölüminiň başlygy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.