Bilim we tejribe — döwrebap ösüşiň kepili

9 Dekabr 2023
464

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldaw-hemaýatlary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamy yzygiderli ösüşlere eýe bolmak bilen, täze derejä çykýar. Milli bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri hökmünde häsiýetlendirilýär.

Üstümizdäki ýylda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň, Arkadag şäherinde bilim-terbiýeçilik edaralarynyň birnäçesiniň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň durmuşynda şanly wakalar boldy. Paýtagtymyzda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenabatda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň, Mary şäherinde Döwlet energetika institutynyň goşmaça binalarynyň gurluşygyna badalga berilmegi-de aýdylanlara şaýatlyk edýär.

Parahat ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.