"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bilim ulgamy ösüşli menzillerde

Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň bilim ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem eziz Diýarymyzy ähli ugurlarda batly depginler bilen ösdürmek, şol sanda bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we okatmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmak arkaly berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, mekdepleriň okuw-usuly taýdan üpjün edilişini gowulandyrmak we mugallymlary taýýarlamak bilen bagly anyk wezipeler kesgitlenilendir. Ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kämil, bilim-terbiýeli adamlar bolup ýetişmeklerinde, elbetde, bize — mugallymlara möhüm orun degişlidir. Bilim ulgamyna halkymyzyň asylly ýörelgeleri we dünýä tejribesi esasynda okatmagyň innowasion usullary, öňdebaryjy mugallymçylyk tejribeleri yzygiderli ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem giň gerimde ösdürilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň dürli düzüm bölekleri bilen çaganyň irki ösüşi, maşgala terbiýesi, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek, umumybilim berýän orta mekdeplerimizi ÝUNESKO-nyň mekdepler toruna goşmak ýaly meseleler boýunça ýola goýlan hyzmat

Üstünlikleriň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ösüp gelýän ýaş nesilleriň giň gözýetimli, beden we akyl taýdan kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegi üçin yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Ylym-bilim Watanymyzyň geljegini rowaçlandyrýan bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklaryň biridir. Ýurdumyzda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna esaslanýan bilim ulgamyny kemala getirmek babatynda durmuşa geçirilýän döwrebap işler barha giň gerim alýar. Bilim bermekde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar. Bu bolsa ýaşlaryň ökde hünärmen-ler bolmaklaryna oňyn täsir edýär. Dünýäniň hemmetaraplaýyn ösüşine işjeň goşulmak, ykdysadyýeti depginli ösdürmek üçin güneşli Diýarymyzda bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär, ussat hünärmenler ýetişdirilýär. Ylym-bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi diňe bir şu günki däl, eýsem, geljekki ösüşleriň hem depginli gadamyny kesgitleýär.

Adamzat üçin müdimi zerurlyk

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bilim hem-de ylym adamzat üçin müdimi zerurlyk bolan gymmatly baýlykdyr. Şol gymmatly baýlygyň ösüp gelýän ýaş nesilleriň hemişelik hemrasyna öwrülmegini gazanmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyz milli bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmegi parasatly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi. Halkymyz tarapyndan uly ruhubelentlik bilen goldanylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde taryh üçin örän gysga döwrüň içinde ulgama ýaş nesle bilim-terbiýe bermegiň iň kämil usullary ornaşdyrylyp, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen çagalar baglarynyňdyr orta mekdepleriň binalary oba-şäherçelerimiziň, şäherlerimiziň bezegine öwrüldi. Ylmyň we tehnikanyň döwrebap gazananlaryna daýanýan, binagärligiň häzirki zaman hem-de milli tejribeleri sazlaşykly utgaşdyrylyp gurlan bilim we ylym ojaklarynyň hatary artdy. Ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilen bilim-terbiýe ojaklary sowatly hünärmenleriň yzygiderli taýýarlanylmagy, ýurdumyzyň geljekde hem gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň has-da pugtalandyrylmagy üçin mizemez binýat bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwrüň öňde goýýan möhüm talaplaryndan ugur alyp, bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmelerde täze wezipeleri öňe sürýär. Munuň özi dünýäde ylymdyr bilimiň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň çalt depginler bilen ösýändigi, dünýäniň ösüşi bilen aýakdaş gitmegiň bolsa bizi

Sanly bilim ulgamy – täzeçil ösüşleriň özeni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly üstünliklere beslenip tamamlanan 2023-nji ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzyň ýaşlaryna bildirilýän uly ynamdyr. Bu Garaşsyzlyk ýyllarynyň ruhunda terbiýelenen ýaşlaryň ylmyna, bilimine, giň dünýägaraýşyna, watansöýüjiligine, döredijilikli zähmetine goýulýan hormat-sarpadyr. Bu ajaýyp eýýamda ylymda, bilimde, ykdysadyýetde we beýleki ugurlaryň ählisinde mynasyp zähmet üstünlikleri gazanyp, ýurdumyzy ösüşlere beslemek biziň borjumyzdyr. Sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda sanly dolandyryş ulgamyna geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şol sanda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy” esasynda mekdeplerde, bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak işiniň gerimi barha giňeýär. Döwletimiziň ähli ýokary, orta hünär we başlangyç okuw mekdeplerinde “Sanly bilim ulgamy” atly portal taslamasynyň ýola goýulmagy, bilim ojaklarynda teleköpri arka

Ýaşlyk — ömrüň bahary

Berkarar Watanymyz ösüşli ýollarda okgunly öňe barýar we ähli ugurlarda guwandyryjy sepgitlere eýe bolýar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçen şanly ýylyň ösüş-özgertmeleri hem şeýle diýmäge esas berýär. Tamamlanan ýylda bilim ulgamynda hem köp işler amala aşyryldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda belleýşi ýaly, «Ylym-bilim bagtyýar geljegimiziň mizemez binýatlarynyň biridir. Şoňa görä-de, bu ulgamy döwrebaplaşdyrmaga, beden taýdan sagdyn, zehinli ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge uly ähmiýet berýäris». Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar talyby hökmünde hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösüşine berýän üns-aladalaryna örän buýsanýarys.

Döwletli tutumlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda üstünliklere beslenen şanly ýyl taryhyň altyn gatyna girjek şöhratly wakalara örän baý boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz geçen ýylyň 16-njy noýabrynda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, «akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň, Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik we ekerançylyk institutlarynyň täze binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy. Köpetdagyň eteginiň taryhy künjeginde Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň toý ruhunda açylmagy bilen baglanyşykly ajaýyp wakanyň täsirinden çykylmanka, bu «akylly» şäherde Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we ylmy-barlag institutlarynyň täze binalar toplumynyň guruljakdygy hakdaky şatlykly habar il-ulsumyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň Arkadag şäherinde kämil derejeli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebi we ylmy-barlag institutlary bolan döwrebap oba hojalyk şäherçesini döretmek boýunça edýän tagallalary obasenagat toplumynyň düzümlerini has-da kämilleşdirmek, ylmy-barlag işlerini işjeňleşdirmek ugrunda uly alada edýändigini görkezýär. Şeýle şäherçäniň döredilmegi ýaşlara alan bilimlerini tejribe arkaly berkitmäge ajaýyp mümkinçilik açar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen gurulja

Dil baýlygy ösdürilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda bolşy ýaly, bilim ulgamynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Milli bilim ulgamynyň işi we mazmuny kämilleşdirilip, okatmagyň innowasion usullaryna we tehnologiýalaryna, okuw-terbiýeçilik işine aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda bu ugurdan alnyp barylýan işleriň, toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagy we maksada okgunlylygy aýratyn bellärliklidir. Daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň hem usulyýeti we usulyýet üpjünçiligi halkara tejribesini öwrenmek arkaly baýlaşdyrylýar. Bu ugurdaky alnyp barylýan işler daşary ýurt dilleriniň okuw meýilnamalaryny, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Daşary ýurt dilleri boýunça hünärmenleri taýýarlamakda okatmagyň üznüksiz, yzygiderli we özara baglanyşykly ulgamy kemala getirilýär. Ýaş nesle berilýän bilimiň hiliniň ýokarlandyrylmagyna we olaryň öz ene dilinden başga-da dünýä dillerini gowy öwrenmekleri üçin döredilýän ähli şertler bellenmäge mynasypdyr. Ýaşlara daşary ýurt dilleri çagalar bagyndan başlap öwredilýär. Bu bolsa olaryň ertirki günde ylymly-bilimli, kämil hünärmen bolup ýetişmegini şertlendirýär. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen döredijilikli işler talabalaýyk alnyp barylýar. Daşary ýurt dillerini okatmakda innowasion tehnologiýalar

Okuwçylaryň sözleýiş medeniýetini ösdürmek we çeper döredijilige ugrukdyrmak

Umumybilim berýän orta mekdeplerde okuwçylaryň sözleýiş diliniň ösdürilmegine, kyssa eserlerini, goşgulary manysyna düşünip labyzly, çeper okap bilmeklerine, gepleşik dilini medeniýetli alyp barmaklaryna aýratyn üns berilýär. Gepleşigi medeniýetli alyp barmagyň bir görnüşi-de göçme manyly sözleri ýerlikli ulanmak bilen baglydyr. Göçme manyly sözler ýerlikli ulanylanda, sözleýjiniň diliniň çeperçiligi artýar, onuň sözleýiş medeniýeti kämilleşýär. Şol sebäpli hem okuwçylaryň göçme manyly sözleriň manysyna dogry düşünip, olary giňden ulanmaklary we çeper eserlerde aýdyljak bolunýan öwüt-ündewlere doly akyl ýetirmekleri üçin orta mekdepleriň X synpynda «Göçme manyly sözleriň stilistik hyzmaty» diýen tema geçilýär. Okuwçylara bu temany düşündirenimde, ilki bilen, sözleriň göçme manysynyň nähili döreýändigi baradaky maglumata olaryň ünsüni çekip, sözüň aýratynlykda ýeke özüniň aňladýan ilkinji manysyna asyl many diýilýändigini, köp sözleriň aýratynlykdaky manysy bilen sözlemdäki manylarynyň tapawutlanýandygyny, sözüň sözlemdäki tapawutly manysyna göçme many diýilýändigini, göçme manynyň döremegine zatlaryň şekil, hyzmat, orun meňzeşliginiň we bölek-bitin baglanyşygynyň sebäp bolýandygyny aşakdaky mysallar arkaly düşündirýärin:

“Dil bilen dünýäni gezer”

Taryhy ähmiýetli ösüşdir özgerişleriň ýoly bilen öňe barýan ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge, ýaşlary döwrebap ruhda terbiýelemäge aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda geçirilýän giň gerimli özgertmeler bilim ulgamyny hem gurşap alýar. Ýurdumyzyň orta, orta we ýörite ýokary okuw mekdeplerinde innowasion tehnologiýalardan giňden peýdalanylmagy ýaşlaryň düýpli bilim almagyna, daşary ýurt dillerini kämil özleşdirmegine uly ýardam edýär. Häzirki zaman adamzat jemgyýetiniň ösüşinde dilleri öwretmegiň we özleşdirmegiň örän uly ähmiýeti bar. Daşary ýurtlaryň ösen tejribesini öwrenmekde, seljermekde, iň ygtybarlysyny durmuşa ornaşdyrmakda dil öwrenmäge uly orun degişlidir. “Dil bilen dünýäni gezer” diýen parasatly pikire uýan dana pederlerimiz diňe bir öz ene dilimizi däl, eýsem, beýleki dilleri öwrenmegiň hem möhümdigini nesillere öwüt edipdirler, çünki beýleki halklar bilen syýasy, ykdysady, medeni-sosial gatnaşyklary ösdürmekde we kämilleşdirmekde diliň örän uly ähmiýeti bardyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlaryň ylym-bilimli bolmaklaryna aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz ylym-bilimi ösdürmekde, kämil hünärmenleri ýetişdirmekde ähli mümkinçilikleri döredýär. Esasan hem ýaşlaryň ene dilimizi çuňňur bilmekleri, daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde hem dil öwrenmek boýunça d

Daşary ýurt dillerini öwrenmekde döwrebap mümkinçilikler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ulgamy barha kämilleşýär. Ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede bilim almaklary üçin asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Olaryň içinde daşary ýurt dillerini çuňňur öwretmek esasy ugurlaryň biridir. Döwletleriň arasyndaky syýasy, medeni, söwda gatnaşyklarynyň has kämilleşen häzirki döwründe halkara dilleriň orny has-da giňelýär. Şol bir wagtda, ylmyň, tehnikanyň, ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetiniň batly gadamlar bilen ösdürilmegi häzirki döwürde ylmyň, tehnologiýanyň we önümçiligiň biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşygynyň bir bitewilige öwrülendigine şaýatlyk edýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde durmuşyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän maksatnamalar öňe sürülýär. Watansöýüji, halal, bäsleşige ukyply, daşary ýurt dillerini kämil bilýän hünärmenler bu gün ýurdumyzyň bagtyýar geljeginiň kepili bolup durýar. Şu maksatdan ugur alyp, döwletimizde kabul edilýän ylym-bilim babatdaky resminamalar innowasion ösüşe ýardam etjek kämil hünärmenleri taýýarlamagyň kanuny binýadyny berkidýär. Şeýle maksatnamalaryň biri-de “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasydyr”.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Okuw-usuly maslahat geçirildi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň sagdyn ösmegi, çuňňur bilim we mynasyp terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär. Milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, okuw maksatnamalarynyň we okuw kitaplarynyň, okuw-usuly gollanmalarynyň kämilleşdirilmegine, ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna, düýpli hünär öwrenmegine uly üns berilýär. Hut şu maksat bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň meýilnamasy boýunça 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň birinji ýarym ýyllygynda ýurdumyzyň orta hünär okuw mekdeplerinde okuw-usuly maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Şeýle maslahatlar welaýatymyzda ýerleşýän orta hünär okuw mekdeplerinde hem guramaçylykly geçirildi.

Sanly ulgamyň ähmiýeti

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da äh­li ugur­lar­da uly ösüş­le­re bes­len­ýän Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz san­ly do­lan­dy­ryş ul­ga­my­na geç­mek iş­le­ri üs­tün­lik­li al­nyp ba­ryl­ýar. Şol san­da «Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň kon­sep­si­ýa­sy» esa­syn­da mek­dep­ler­de, bi­lim eda­ra­la­ryn­da san­ly ul­gam bar­ha ro­waç­lan­ýar.

Ru­hu­be­lent ne­sil­ler

«Türkmenistan Sport», № 4 (20), 2023 Ne­sil adam­za­dyň tu­tuş ta­ry­hy­ny we er­tir­ki gü­nü­ni şöh­le­len­dir­ýär. Ne­sil yn­sa­nyň mi­we­si. Onuň ýa­şan öm­rün­de ga­za­nan äh­li za­dy­nyň önü­mi. Mu­nuň içi­ne şol yn­sa­nyň dur­muş tej­ri­be­si-de, aň kä­mil­li­gi-de, pi­kir-dü­şün­je­si-de, dün­ýä­ga­raý­şy-da, ba­şar­ny­gy-da gir­ýär. Is­len­dik ada­myň ýa bol­ma­sa hal­kyň nes­lin­den onuň dur­muş­da nä­de­re­je­de ke­ma­la ge­len­di­gi­ni, haý­sy ýö­rel­gä eýer­ýän­di­gi­ni, däp-des­sur­la­ra goý­ýan hor­ma­ty­ny, gel­je­ge bo­lan ga­raý­şy­ny we ýe­ne-ýe­ne­le­ri gör­mek bol­ýar. Ne­sil — aý­na. Ol se­niň özü­ňi, sen­de aç-açan gö­rün­me­ýän zat­la­ry aý­dyň­ly­gy bi­len gör­kez­ýär...

Kämillik mekdebi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli, durmuş ähmiýetli işleriniň netijesinde ýaşlar hakynda edilýän aladalar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz «Iň gymmatly hazyna terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belleýär. Ata-babalarymyz hemişe ýaş nesliň edep-terbiýesine, bilimine, beden saglygyna we ruhy kämilligine uly üns beripdir. Bilim almagyň, hünär öwrenmegiň saglygyňa, bedeniňe we ruhy terbiýäňe uly täsiri bar. Bu ýörelge gadymdan gelýän nusgadyr. Şol ýörelgelerden ugur alyp, ýaş nesle döwrebap bilim bermek üçin ähli şertler döredilýär. Munuň üçin bagtyýar neslimiziň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlarynyň çägi ýok. Çünki ylym-bilim ulgamyny belent sepgitlere ýetirmek hem-de ylmyň dürli ugurlaryndan baş çykaryp bilýän kämil ýaşlary, ussat hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmek döwletiň hemmetaraplaýyn ösüş binýadyny berkidýär.

Sanly bilim — ösüşleriň özeni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almaklary, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Mekdeplerdir ýokary okuw jaýlarynda tehnologiýanyň soňky gazananlary ornaşdyrylýar. Bu bolsa bilim ulgamynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrýar. Innowasion tehnologiýalaryň ýokary tizlik bilen ösýän zamanasynda sanly ulgamy ulanmagyň pedagogik esaslaryny öwrenmek we durmuşa ornaşdyrmak döwrüň esasy meseleleriniň biri bolup durýar. Ony netijeli çözmekde bolsa mugallymlara we terbiýeçilik işgärlerine esasy orun degişlidir. Mugallymlaryň guraýan sapaklarynyň dünýä tejribesine esaslanýan görnüşde, milli ruha ýugrulyp, ýaşlaryň aňyna oňyn täsirini ýetirmegini gazanmak zerurdyr. Bu ugurda ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Olaryň hatarynda 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny», ýurdumyzda «2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýalaryny» mysal getirmek bolar. Ýaşlara bilim bermekde tehnologiýalaryň ähmiýeti örän uludyr. Sebäbi okuwçy mekdepde okap öwrenen maglumatlarynyň 10 göterimini, diňläp öwrenen maglumatlarynyň 20, tomaşa edip öwrenenleriniň 30, hem diňläp, hem tomaşa edip öwrenen maglumatlarynyň 50, sözläp, ýerine ýetirip öwrenen maglumatlarynyň bolsa

Bagtyýar ýaşlaryň ýürek joşguny

Düýn paýtagtymyzda geçirilen ýaşlar forumynyň çäklerinde Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşan, ylymda, bilimde we zähmetde tapawutlanan öňdebaryjy ýaşlaryň ençemesini sylaglamak dabarasy geçirildi. Biz hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Şa serpaýyna mynasyp bolan bagtyýar ýaşlarymyzyň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Täze mekdepde täze ýyla

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ilkinji günlerinden ösüş-özgerişliklere, täze üstünliklere beslendi. Şu şanly ýylda welaýatymyzda gurlup, ulanylmaga berlen 10-a golaý bilim-terbiýeçilik edaralarynyň hatarynda etrabymyzyň Zerger geňeşliginde 600 orunlyk döwrebap orta mekdebiň açylmagy Türkmenabady etekläp oturan obanyň ýaşaýjylaryna uly sowgat boldy. Bu gün obamyzyň çagalary iň döwrebap mümkinçiliklere eýe bolan bilim ojagynda okaýarlar. Täze mekdepde okamak, işlemek her kimiň arzuwy. Mekdebiň üstünliklerine goşant goşmak bolsa mugallymlarymyzyň hem, okuwçylarymyzyň hem esasy maksady. Bilim ojagymyzyň ilkinji ýeňşi hökmünde eýýäm ilkinji okuw ýylymyzdan halypa-şägirtlik ýoluny berkidip bilenligimizdir. Häzirki wagtda mugallymlarymyzyň agramly bölegi ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ýokary okuw mekdeplerinden soňky bäş ýylyň dowamynda uçurym bolan ýaşlar. Kalby öwrenmäge we öwretmäge bolan hyjuwdan doly kärdeşlerimiz halypa mugallymlarymyzyň berýän maslahaty bilen öz işini göwnejaý ýola goýýarlar.

Mugallymyň öz orny bar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzda ylym--bilim almaga, okamaga, döretmäge, sport bilen meşgullanmaga, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermäge ähli şertler döredilýär. Çünki, Garaşsyz döwletimizde ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde derwaýys işler amala aşyrylýar. — Geljegimiz bolan ýaş nesillerimize bilim-terbiýe bermekde Murgap etrabynyň Oguzhan şäherçesindäki 40-njy orta mekdebiň tejribeli mugallymlary döredijilikli, işjeň usulda işleýärler. Şeýle, işjeň usulda işleýän mugallymlaryň biri-de birinji derejeli taryh we jemgyýeti öwreniş mugallymy Jeren Atamyradowadyr. Onuň taýýarlaýan okuwçylary etrapdyr welaýatda geçirilýän bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar — diýip, mekdebiň müdiri Döwletgeldi Jumaýew gürrüň berdi.

Bagtdan paýly nesil

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne şan-şöhrat getiren, ildeşlerimiziň her birine rysgal-bereket eçilen, körpeleriň aýdyň geljegine bolsa ýalkym saçan ýyllaryň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gurlup, ulanylmaga berlen biziň döwrebap çagalar bagymyzyň terbiýeçileridir mugallymlary hem, körpe nesli hem üstümizdäki ýylda bagtyýarlykdan, rowaçlyklardan mynasyp paýly. Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesle zamanabap bilim-terbiýe berilmegini gazanmak barada edýän aladalary bilen ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň birnäçesiniň hatarynda biziň çagalar bagymyzda hem körpeleriň öwreniş, ösüş we dynç alyş şertlerini gowulandyrmak, olara ekologiýa, medeniýet barada düşünje bermek boýunça düýpli özgertmelere badalga berildi. Çagalar bagymyzda şu okuw ýylynyň başyndan rus diliniň çuňlaşdyrylyp öwredilip başlanmagy, hünäre höweslendiriş gurnaklarynyň işiniň ýola goýulmagy zähmet toparymyzyň, körpeleriň, şeýle-de olaryň ata-eneleriniň şatlygyna-şatlyk goşdy. Çagalar bagymyzyň mekdebe taýýarlaýyş toparynyň terbiýeçisi Gunça Rozdurdyýewanyň we rus dili mugallymy Gülnara Durdyýewanyň yhlasy bilen okamaga, öwrenmäge höwesli ýaşlaryň sanynyň barha artmagy, olaryň etrap we welaýat derejelerindäki zehin bäsleşiklerinde ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary bizi örän buýsandyrýar. Bu üstünlikler çagalaryň b

Rowaçlyklaryň gözbaşy

Watanymyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşlere beslenýän ýurdumyzda ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin uly tagallalar edilýär. Ähli amatlyklary bolan bilim ojaklarynyň sany barha artýar. Şoňa görä-de, bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrmaga, bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Durmuşa geçirilýän uly işler geljegimiz bolan ýaş nesilleriň düşünjeli, maksada okgunly, döredijilikli pikirlenýän, sanly tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän adamlar bolup ýetişmekleri barada edilýän aladanyň nyşanydyr.  Bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň maksady ýaş nesilleriň ähli taraplaýyn kämil, beden we ruhy taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri üçin oňat şertleri döretmekden ybaratdyr. Bilim edaralaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bolsa, eziz Diýarymyzyň daýanjy bolan ýaş nesillere berilýän bilim-terbiýäniň hil taýdan dünýä ülňülerine laýyk getirilmegini üpjün edýär.