Okuwçylaryň sözleýiş medeniýetini ösdürmek we çeper döredijilige ugrukdyrmak

2 Ýanwar 2024
803

Umumybilim berýän orta mekdeplerde okuwçylaryň sözleýiş diliniň ösdürilmegine, kyssa eserlerini, goşgulary manysyna düşünip labyzly, çeper okap bilmeklerine, gepleşik dilini medeniýetli alyp barmaklaryna aýratyn üns berilýär. Gepleşigi medeniýetli alyp barmagyň bir görnüşi-de göçme manyly sözleri ýerlikli ulanmak bilen baglydyr. Göçme manyly sözler ýerlikli ulanylanda, sözleýjiniň diliniň çeperçiligi artýar, onuň sözleýiş medeniýeti kämilleşýär. Şol sebäpli hem okuwçylaryň göçme manyly sözleriň manysyna dogry düşünip, olary giňden ulanmaklary we çeper eserlerde aýdyljak bolunýan öwüt-ündewlere doly akyl ýetirmekleri üçin orta mekdepleriň X synpynda «Göçme manyly sözleriň stilistik hyzmaty» diýen tema geçilýär.

Okuwçylara bu temany düşündirenimde, ilki bilen, sözleriň göçme manysynyň nähili döreýändigi baradaky maglumata olaryň ünsüni çekip, sözüň aýratynlykda ýeke özüniň aňladýan ilkinji manysyna asyl many diýilýändigini, köp sözleriň aýratynlykdaky manysy bilen sözlemdäki manylarynyň tapawutlanýandygyny, sözüň sözlemdäki tapawutly manysyna göçme many diýilýändigini, göçme manynyň döremegine zatlaryň şekil, hyzmat, orun meňzeşliginiň we bölek-bitin baglanyşygynyň sebäp bolýandygyny aşakdaky mysallar arkaly düşündirýärin:

Akmaral ATAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebiniň mugallymy.