Sanly bilim — ösüşleriň özeni

27 Dekabr 2023
568

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlaryň döwrebap ylym-bilim almaklary, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Mekdeplerdir ýokary okuw jaýlarynda tehnologiýanyň soňky gazananlary ornaşdyrylýar. Bu bolsa bilim ulgamynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrýar. Innowasion tehnologiýalaryň ýokary tizlik bilen ösýän zamanasynda sanly ulgamy ulanmagyň pedagogik esaslaryny öwrenmek we durmuşa ornaşdyrmak döwrüň esasy meseleleriniň biri bolup durýar. Ony netijeli çözmekde bolsa mugallymlara we terbiýeçilik işgärlerine esasy orun degişlidir. Mugallymlaryň guraýan sapaklarynyň dünýä tejribesine esaslanýan görnüşde, milli ruha ýugrulyp, ýaşlaryň aňyna oňyn täsirini ýetirmegini gazanmak zerurdyr. Bu ugurda ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Olaryň hatarynda 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny», ýurdumyzda «2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýalaryny» mysal getirmek bolar.

Ýaşlara bilim bermekde tehnologiýalaryň ähmiýeti örän uludyr. Sebäbi okuwçy mekdepde okap öwrenen maglumatlarynyň 10 göterimini, diňläp öwrenen maglumatlarynyň 20, tomaşa edip öwrenenleriniň 30, hem diňläp, hem tomaşa edip öwrenen maglumatlarynyň 50, sözläp, ýerine ýetirip öwrenen maglumatlarynyň bolsa 90 göterimini ýatda saklap bilýär. Munuň özi ýaşlara bilim bermekde innowasion tehnologiýalaryň has oňyn netije berýändigini aňladýar.

Keýik ANNAMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.