Adamzat üçin müdimi zerurlyk

3 Ýanwar 2024
354

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, bilim hem-de ylym adamzat üçin müdimi zerurlyk bolan gymmatly baýlykdyr. Şol gymmatly baýlygyň ösüp gelýän ýaş nesilleriň hemişelik hemrasyna öwrülmegini gazanmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyz milli bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmegi parasatly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi. Halkymyz tarapyndan uly ruhubelentlik bilen goldanylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde taryh üçin örän gysga döwrüň içinde ulgama ýaş nesle bilim-terbiýe bermegiň iň kämil usullary ornaşdyrylyp, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen çagalar baglarynyňdyr orta mekdepleriň binalary oba-şäherçelerimiziň, şäherlerimiziň bezegine öwrüldi. Ylmyň we tehnikanyň döwrebap gazananlaryna daýanýan, binagärligiň häzirki zaman hem-de milli tejribeleri sazlaşykly utgaşdyrylyp gurlan bilim we ylym ojaklarynyň hatary artdy. Ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilen bilim-terbiýe ojaklary sowatly hünärmenleriň yzygiderli taýýarlanylmagy, ýurdumyzyň geljekde hem gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň has-da pugtalandyrylmagy üçin mizemez binýat bolup durýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwrüň öňde goýýan möhüm talaplaryndan ugur alyp, bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmelerde täze wezipeleri öňe sürýär. Munuň özi dünýäde ylymdyr bilimiň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň çalt depginler bilen ösýändigi, dünýäniň ösüşi bilen aýakdaş gitmegiň bolsa biziň baş maksadymyz bolup durýandygy bilen berk baglanyşyklydyr. Bilimler ýolundan buýsançly öňe barýan ýaş nesillerimiziň abraýly halkara ders bäsleşiklerine gatnaşyp, üstünlik gazanýandyklary, özlerine bildirilýän ynamy ödemäge çalyşýandyklary guwandyryjydyr hem buýsandyryjydyr. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlaryny ylymly-bilimli, terbiýeli edip ýetişdirmek ugrundaky beýik işleriniň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Bahargül GULÇAÝEWA,
Bereket etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň mugallymy.