Bilim ulgamy ösüşli menzillerde

3 Ýanwar 2024
373

Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň bilim ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem eziz Diýarymyzy ähli ugurlarda batly depginler bilen ösdürmek, şol sanda bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we okatmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmak arkaly berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, mekdepleriň okuw-usuly taýdan üpjün edilişini gowulandyrmak we mugallymlary taýýarlamak bilen bagly anyk wezipeler kesgitlenilendir.

Ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kämil, bilim-terbiýeli adamlar bolup ýetişmeklerinde, elbetde, bize — mugallymlara möhüm orun degişlidir. Bilim ulgamyna halkymyzyň asylly ýörelgeleri we dünýä tejribesi esasynda okatmagyň innowasion usullary, öňdebaryjy mugallymçylyk tejribeleri yzygiderli ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem giň gerimde ösdürilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň dürli düzüm bölekleri bilen çaganyň irki ösüşi, maşgala terbiýesi, okuw maksatnamalaryny kämilleşdirmek, umumybilim berýän orta mekdeplerimizi ÝUNESKO-nyň mekdepler toruna goşmak ýaly meseleler boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlyk oňyn netijelerini-de berýär. Şeýle tutumly işleriň amala aşyrylmagy Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesiller barada ägirt uly aladalary edýändiginiň aýdyň subutnamalarydyr.

Çaryýar HALLYÝEW,
Türkmenbaşy etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň mugallymy.