Döwletli tutumlar

2 Ýanwar 2024
477

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda üstünliklere beslenen şanly ýyl taryhyň altyn gatyna girjek şöhratly wakalara örän baý boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz geçen ýylyň 16-njy noýabrynda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, «akylly» şäheriň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň, Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik we ekerançylyk institutlarynyň täze binalar toplumynyň taslamalary bilen tanyşdy. Köpetdagyň eteginiň taryhy künjeginde Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň toý ruhunda açylmagy bilen baglanyşykly ajaýyp wakanyň täsirinden çykylmanka, bu «akylly» şäherde Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň we ylmy-barlag institutlarynyň täze binalar toplumynyň guruljakdygy hakdaky şatlykly habar il-ulsumyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň Arkadag şäherinde kämil derejeli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebi we ylmy-barlag institutlary bolan döwrebap oba hojalyk şäherçesini döretmek boýunça edýän tagallalary obasenagat toplumynyň düzümlerini has-da kämilleşdirmek, ylmy-barlag işlerini işjeňleşdirmek ugrunda uly alada edýändigini görkezýär. Şeýle şäherçäniň döredilmegi ýaşlara alan bilimlerini tejribe arkaly berkitmäge ajaýyp mümkinçilik açar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen guruljak täze uniwersitetde bilim alýan talyplaryň ylmy-barlag institutlary bilen gatnaşykda bolup, ekerançylygy, tohumçylygy ylmy esasda has-da ösdürmegiň ugurlaryny içgin özleşdirmeklerinde, nazaryýetde alan bilimlerini tejribede, ylmy önümçilikde yzygiderli berkitmeklerinde ähmiýetli bolar.

Myratberdi ÇOPANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.